SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI RUMYNIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ DÖWLET SEKRETARYNY KABUL ETDI
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar goňşuçylyk bilen aragatnaşyklar we global derejede köptaraplaýyn gatnaşyklar boýunça Döwlet sekretary Danut Sebastýan Nekulaeskunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň ösüşiniň dinamikasyny hem-de Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklarynyň geljegini bell...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE UNAMA-NYŇ DEPARTAMENTINIŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) syýasy departamentiniň direktory Skot Seward Smit bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitleýin hyzmatdaşlyga we Owganystanyň territoriýasynda energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda durmuşy zerur taslamalary amala aşyrmak boýunça kabul edilen amaly ädimlere ünsi çekdiler. Şeýle hem Owganystanda howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün et...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY AŞGABATDA DUŞUŞDYLAR
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda syýasy hökümetara gepleşikleriniň ýokary depginini belläp, taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň meselelerine garadylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň toplumynyň ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdiler. Geçirilen gepleşikleriň çäginde ikitarapla...
“MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZI: SEBITDE PARAHATÇYLYK WE GÜLLÄP ÖSÜŞ MAKSATLARYNDA MERKEZI AZIÝA BILEN 10 ÝYL HYZMATDAŞLYK” ATLY HALKARA MASLAHATY
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziň açylmagynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp “Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi: sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen 10 ýyl hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we halkara guramalarynyň Türkmenistanda akkre...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HGI-NDA «HALKARA GATNAŞYKLARYNDA BITARAPLYK SYÝASATY WE ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY: TÜRKMENISTANYŇ TEJRIBESI WE ONUŇ ÄHMIÝETI» ATLY HALKARA MASLAHATY GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti» atly halkara maslahaty we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergisi geçirildi. Maslahatyň işine Mejlisiň deputatlary, ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýän dip...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ OWGANYSTANA SAPARY
2017-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystan Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Owganystanyň Prezidentine we halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyny we gyzg...
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanylan foruma gatnaşyjylary gutlady
Hormatly halkara maslahatyna gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti» atly halkara maslahatynyň işiniň başlanmagy, şeýle hem ýetip gelen Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn!-diýlip, hormatly Prezidentimiziň gutlagynda aýdylýar. Siziň wekilçilikli maslahatyňyzyň Milletler Bileleşigine agza döwletleriň ählisiniň sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy we...