img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GYRGYZ RESPUBLIKASY - BIŞKEK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Ýan

PRESS–RELIZ

2017-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň paýtagtynyň Olimpiýa şäherjiginde 2017-nji ýylyň 17-27 sentýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan açyk metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan gurnaldy. Metbug...

DOWAMY
pic
17 Ýan

“TAPI PIPELINE COMPANY LIMITED”KOMPANIÝASY BILEN “ILF BERATENDE INGENIEURE GMBH” KOMPANIÝASYNYŇ ARASYNDA ŞERTNAMA GOL ÇEKILDI

2017-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda “TAPI Pipeline Company Limited” bilen “ILF Beratende Ingenieure GmbH” kompaniýasynyň arasynda «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisiniň Owganystan-Pakistan çägine düşýän böleginiň Başlangyç tehniki taslamasyny taýýarlamak (Front End Engineering & Design) hem-de Taslamany dolandyrmak hem-de tehniki gözegçiligini amala aşyrmak hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça şertnama gol çekildi. Gol çekme dabarasy Türkmenistanyň Nebitgaz toplumy...

DOWAMY
pic
11 Ýan

Aşgabat 2017-Oýunlaryň resmi keşbi

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary boýunça ýerine ýetiriji komiteti Türkmenistanda geçiriljek iň uly çäreleriň biri boljak, ýerli jemgyýet üçin Aşgabat 2017 Oýunlarynyň resmi keşbine başlaýandygyna örän buýsanýar. V Aziýa Oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy  Daýanç Gulgeldiýew Aşgabat 2017 Oýunlarynyň resmi keşbi barada şeýle belläp geçýär, şeýle belleýär: “ Resmi keşbi işläp taýýarlamaga uly üns berilýär. Oýunlaryň geçiriljek şäheri...

DOWAMY
pic
10 Ýan

Aziadanyň hormatyna atly ýöriş ýoluň ýarysyny geçdi

Mundan laýyk 250 gün ozal, 2016-njy 5-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gadymy “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýanynda Aziada — 2017 mynasybetli ýyndam hem-de owadan ahalteke bedewine atlanan 17 çapyksuwaryň gatnaşmagyndaky atly ýörişe badalga berdi. 500 günüň dowamynda atly ýöriş ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan geçer hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylýan güni Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde jemleýji pellehanasyna ýeter...

DOWAMY
pic
7 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄR, DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ HÄKIMINIŇ OBA HOJALYK BOÝUNÇA ORUNBASARY MERETDURDY ISGENDEROWIÇ GURBANOWYŇ MAKSATNAMASY

Meni Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlän raýatlaryň teklipçi toparyna köp sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Halkymyz taryh üçin örän gysga döwürde özüniň döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, syýasatda, ykdysadyýetde, ylymda we medeniýetde ägirt uly ähmiýetli üstünlikleri gazandy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen 25 ýylynyň içinde Türkmenistan beýleki döwletler bilen netijeli gatnaşyklaryny berkidip, dünýä jemgyýetçiliginiň işjeň agzasyna öwrü...

DOWAMY
pic
7 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄR – SEÝDINIŇ NEBITI GAÝTADAN IŞLEÝÄN ZAWODYNYŇ DIREKTORY, TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATY RAMAZAN MUSTAPAKULYÝEWIÇ DURDYÝEWIŇ MAKSATNAMASY

Meni jogapkärli döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlän raýatlaryň teklipçi toparyna çuňňur hoşallygymy bildirýärin we olara işlerinde uly üstünliklerarzuw edýärin. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň her bir güni şanly we taryhy wakalara beslenýär, ruhy gymmatlyklarymyz täze many-mazmuna eýe bolýar. Bu ajaýyp zamanada ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ösüşler gazanylýar, türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlary, baý milli tejribeleri gaýtadan dikeldilýär....

DOWAMY
pic
7 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTLIGINE DALAŞGÄR GURBANGULY MÄLIKGULYÝEWIÇ BERDIMUHAMEDOWYŇ MAKSATNAMASY

Üçünji müňýyllykda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň has-da gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen ulgamlaýyn işleri durmuşa geçirmegi öz öňümde baş maksat edip goýdum. Mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy ugrunda ähli tagallalary edip, il-ýurt bähbitli beýik işleri amala aşyrmak abraý-mertebedir. Bu Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistan Watanymyzyň bagtyýarlyk mekanyna öwrülmegini, kämil jemgyýetimiziň dürli gatlaklarynyň has-da jebisleşmegini hem...

DOWAMY