RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Okt

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GATNAŞMAGYNDA GURLUP ULANMAGA BERILÝÄN KOTTEŽLER TOPLUMYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY

2017-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda şäheri ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berilýän kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda 208 sany 2 gatly bir maşgala niýetlenen kottežler we 16 sany 3 we 4 gatly kottež görnüşli 4 we 6 öýli uly giňişlikdäki ýaşaýyş jaýlar Aşgabadyň günorta-günbatarynda emele geldi. Kottežler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň seriş...

DOWAMY
pic
20 Okt

Ýyllyk žurnalyň täze sany

“Syýasat we jemgyýet” atly ylmy-nazaryýet žurnalyň nobatdaky, 2016-njy ýyl üçin 4-nji sany çapdan çykdy. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan türkmen we rus dillerinde çap edilýär. Žurnalyň täze sanynyň epigrafy edilip döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu jümleleri getirilen: “Biziň üstünliklerimiziň gözbaşynda türkmen halkynyň ýokary watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, Watanymyzyň dünýä ýüzündäki şöhratynyň ýokary galmagyna gönükdirilen tagallalarymyz bar”. Jemgyýeti...

DOWAMY
pic
20 Okt

“TÜRKMENISTAN- BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” DÖWRÜŇ WE SIWILIZASIÝANYŇ GEPLEŞIGI

2017-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdmuhamedowyň “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly taze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä Hökümet agzalary, biziň ýurdumyzda akreditirlenen diplomatik gullugynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem jemgyýetçiligiň, köpçülileýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýurt baştutanynyň taze kitaby bolan “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň...

DOWAMY
pic
19 Okt

14-15-nji noýabrda Owganystan Yslam Respublikasy boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty Aşgabatda geçiriler

Türkmenistan 14-15-nji noýabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek Owganystan Yslam Respublikasy boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (RECCA VII) maslahatyna taýýarlyk görýär. Owganystan Yslam Respublikasy bilen dostluk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz doganlyk döwleti dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna goşulyşmagyna ýardam etmäge gönükdirilen giň möçberl...

DOWAMY
pic
19 Okt

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary girizildi, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde a...

DOWAMY
pic
18 Okt

«HAZAR SEBITINDE PARAHATÇYLYK, DURNUKLYLYK WE HALKARA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA MASLAHATY

2017-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyznatdaşlyk» atly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan gurnaldy. Çärä Türkmenistanyň daşary işler, goranmak, maliýe we ykdysadyýet ministrliklerinden, deňiz we derýa ulaglary, serhet gulluklaryndan, balyk hojalygy, gidrometeorolog...

DOWAMY
pic
17 Okt

AŞGABAT ŞÄHERINDE TEBIGY BETBAGTÇYLYKLARYŇ HOWPUNY GOWŞATMAK BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÝAPON SEMINARY GEÇRILDI

2017-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň (ANT) maslahatlar zalynda tebigy betbagtçylyklaryň howpuny gowşatmak boýunça türkmen-ýapon seminary geçirildi. Ýaponiýanyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu forum,  “Aşgabat şäheriniň we onuň töwereklerindäki territoriýalarda seýsmiki gözegçilikleriň kämilleşdirilmegi” atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we fiziki atmosfera institutynynyň  we Ýapon halkara hyzmat...

DOWAMY