SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KUBANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda, Energetika Hartiýasynyň Konferensiýanyň 28-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Kubanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku ş.) Alfredo Nýewes Portuondo bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatiki ulgamda, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirip, taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hy...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI HALKARA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda, halkara maslahatynyň çäklerinde “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Başlyklyk edýän döwründe bilelikde amala aşyrylan amaly we netijeli işlerini kanagatlanma bilen belläp, taraplar Türkmenistan...
AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Greminger bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we bar bolan mümkinçilikleri seljerildi. Özara gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmäge kanagatlanma bildirip, taraplar harby-syýasy, ykdysady-ekologik...
AŞGABATDA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝASYNYŇ 28-NJI MEJLISI AÇYLDY
2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki “Oguzkent” myhmanhanasynyň binasynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işine başlady. Maslahat Türkmenistanyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň işine 49 sany agza döwletiň hem-de synçy ýurtlaryň ministrlikleriniň we edaralarynyň, 12 sany halkara we sebitleýin guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, 14 sany iri energetika kompaniýalarynyň, şeýle...
HALKARA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN TELEGEPLEŞIK
2017-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary jenap Urban Rusnak bilen telegepleşik ýazgy edildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar, hem-de Türkm...
28-29-NJY NOÝABRDA AŞGABATDA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝASYNYŇ 28-NJI MEJLISI GECIRILER
2017-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi geciriler. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň nobatdaky 28-nji mejlisi gatnaşyjy döwletleriň hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara we sebit guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini birleşdirer. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Aşgabat forumyna uly gyzyklanma bildirýärler. Energetika Hartiýasynyň Ko...
Birža söwdalarynda eksport geleşikleriniň bahasy ABŞ-nyň 82,5 million dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we ýangyç mazudyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Serbiýadan, Pakistandan, Belarusd...