SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň wekiliýeti Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş konferensiýasyna gatnaşýar
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 68-nji mejlisiniň işine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherine sapary başlandy. Baş konferensiýanyň çäginde wekiliýetiň IAEA-nyň Baş direktorynyň orunbasary jenap Lýu Hua bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda IAEA ýaly abraýly halkara gurama...
Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmak departamentiniň direktory Maika Oşikawanyň ýolbaşçylygyndaky BSG-niň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BSG-ä agza bolmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler Türkmenistanyň BSG-ä agza bolm...
Türkmenistanyň DIM-de durmuş-ykdysady häsiýetli möhüm wakalara bagyşlanan brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň we sergisiniň (TIF 2024) netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurduň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri,...
TDG-na agza döwletleriň energetika ministrleriniň dördünji mejlisi
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Bişkek şäherinde Türki döwletleri guramasyna (TDG) agza döwletleriň energetika ministrleriniň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlise TDG-nyň Baş sekretary, Türkmenistandan we Wengriýadan synçylar, şeýle hem Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň energetika pudagynyň ministrleri we wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Nahiçewan şertnamasynda, 2040-njy ýyla çenli Türki dünýäsiniň ösüşi Konsepsiýasynda we 2023-2027-nji ýylla...
Türkmenistanyň we Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2024-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministri Fuad Huseýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-yrak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Iň ýokary we ýokary derejelerdäki ikitaraplaýyn s...
Özbegistanyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
2024-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Akmaljon Kuçkarow bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meselelere garaldy. Duşuşygyň ahyrynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitar...
Türkmenistanyň Bişkek şäherindäki Ilçihanasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Bişkek şäherinde türkmen diasporasynyň wekilleriniň we Bişkegiň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi. Sport ýaryşy Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy we beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Çäräniň açylyş dabarasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimu...