SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE RUMYNIÝANYŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELER
2017-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Rumyn tarapynyň wekiliýetine Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar goňşuçylyk bilen aragatnaşyklar we global derejede köptaraplaýyn gatnaşyklar boýunça Döwlet sekretary Danut Sebastýan Nekulaesku ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda halkara gün tertibiniň, sebitleýin howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň meselele...
HALKARA BITARAPLYK GÜNI MYNASYBETLI DIPLOMATIK WEKILHANALARYŇ ARASYNDA SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI
Halkara Bitaraplyk gününe we Merkezi Aziýa üçin BMG öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň 8-10-njy dekabrynda halkara guramalaryň wekilhanalarynyň we daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň toparlarynyň arasynda kiçi futbol, woleýbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşlar geçirildi. Bu ýaryşa Türkmenistanyň DIM-niň topary hem gatnaşdy. Kiçi futbol boýunça «Galkynyş» we «T...
Döwlet Baştutanymyzyň adyndan halkara ýaryşlaryň 3-siniň baýraklaryna eýe bolan türgenlere sowgatlar gowşuryldy
Milli sport we syýahatçylyk institutynyň maslahatlar zalynda dekabryň başynda bolup geçen halkara ýaryşlarynyň baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dünýä derejesindäki ýaryşlarda üstünlikli netijeleri görkezen türgenlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Sylaglamak dabarasyna Sport baradaky döwlet komitetiniň birnäçe degişli edaralarynyň, DIM-iň wekilleri, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary, mugallymlary, şeýle h...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky” Permana gol çekdi
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer, DIM-niň ministri Raşid Meredowyň habar berşi ýaly, hereket edýän milli kanunçylykdan hem-de halkara hukuk kadalaryndan, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýän ynsanperwerlik ýörelgelerden ugur alnyp, belli sebäpleriň hem-de ýagdaýlaryň netijesinde öz Watanyny taşlamaga mejbur bolan adamlaryň hukuklaryny, erkinliklerini we bähbitlerini üpjün etmek boýunça Türkmenistanda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen...
ÝUNESKO “KÜŞTDEPDI” MILLI SUNGATYNYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNYŇ REPREZENTATIW SANAWYNA GIRIZILMEK BARADAKY ÇÖZGÜDI KABUL ETDI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gatnaşyjylara ýüzlenip, aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilendigi baradaky hoş habary aýtdy. Bu çözgüt 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edildi. Bu çözgü...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň on bir aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda hökümetiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň geçiren işleriniň jemlerine garaldy, Prezident maksatnamalarynyň we beýleki milli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine baha berildi. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri, birnäçe möhüm r...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2017-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilen ÝHHG-niň agza döwletleriniň Daşary Işler Ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji mejlisine gatnaşdy. ÝHHG-de häzirki wagtda başlyklyk edýän Awstriýanyň Daşary işler ministri S.Kurtsyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Geňeşiniň işine guramanyň 57 agza hem-de 11 hyzmatdaş ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ministrler Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda ÝHHG agza döwletlerindäki...