SOŇKY HABARLAR
ÖSÜŞ MAKSADY BILEN 2016-2020-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNYŇ MILLI DOLANDYRYŞ WE UTGAŞDYRYŞ TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY
2017-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Ösüş maksady bilen 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň Milli dolandyryş we utgaşdyryş toparynyň duşuşygy boldy. Duşuşygyň işine Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Hemişelik utgaşdyryjysynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Bütindünýä saglyk guramasynyň, BMG-niň ilat gaznasynyň Türkmenistanda akkreditirlenen wekilleri we ýolbaşçylary, şeýle hem Türkme...
ÝHHG TÜRKMENISTANDA TEBIGY BETBAGYTÇYLYKLARDA WE AGYR ÝAGDAÝLARDA ADATDAN DAŞARY KOMEGIŇ GURALLARY BOÝUNÇA OKUW SAPAKLARYNY GURNADY
2017-nji ýylyň 14-15-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet topary we beýleki degişli edaralar üçin “Tebigy betbagytçylyklarda we adatdan daşary ýagdaýlarda netijeli täsir etmegiň gurallary” atly hünär okuwlary geçirildi. Iki günlik çäre adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmegiň çäklerinde öňüni alyş we taýýarlyk görüş işlerine bagyşlandy, şeýle-hem adatdan daşary ýagdaýlarda jemgyýetiň...
AŞGABATDA TÜRKMEN-AMERIKAN IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MASLAHATY GEÇIRILDI
2017-ýylyň 14-nji dekabrynda paýtagtyň Arçabil myhmanhanasynda Türkmen-amerikan Işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi, onuň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kuwwatyny durmuşa geçirmegiň we söwda-ykdysady gatnaşyklary, işjeň gatnaşyklary we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze usullary kesgitlenildi. Maslahatyň işine Türkmen-amerikan Işewürler geňeşiniň we «Westport Trading Europe», «Elizarov Consulting Group», «Oxbow Sulphur», «General Electric», «John Deere», «Nickla...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK
2017-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Halkara bitaraplyk güni mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Dinara Kemelowanyň ýylbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy dialogy giňeltmegiň wajypdygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna degişli birnäçe meselelere seredip geçdiler. Taraplar ýokary derejede syýasy gepleşikleri g...
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda dünýä bilelşigi bilenbilelikde ilkinji gezek Halkara Bitaraplyk güni giňden dabaralandyrylýar. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda bu şanly waka myynasybetli köpçülikleýin çäreler ýaýbaňlandyryldy. Asylly däbe görä, baýramçylyk çäreleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekleriň birinde ýerleşýän kaşaň binanyň öňündäki meýdanç...
BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler Ministriniň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretaryň orunbasary Olga Algaýerowa bilen duşuşygy boldy. Türkmenistan bilen Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ähmiýetliligine laýyklykda dürli ugurlada hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasyndak...
BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINDE MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY DUŞUŞDY
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi özüniň döredileniniň 10-ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlap Merkezi Aziýa döwletleriniň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny gurnady. Bu duşuşyga Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasyny, şeýle hem Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrleri we ministrleriň or...