RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Dek

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öň ýanyndaky dabara gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl mynasybetli “Mizan” işewürlik merkezinde guralan dabara gatnaşdy. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň,  harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak  edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, daşary  döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, görnükli medeniýet işgärleri, sungat ussatlary we be...

DOWAMY
pic
23 Dek

Türkmenistan Russiýanyň sebitleri bilen göni, netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Wagt tapyp söhbetdeş bolmaga mümkinçiligiň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, Aleksandr Žilkin milli Liderimizi ýetip gelýän Täze ýyl, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň durnukly ulag boýunça Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi bilen mähirli gutlap, ähli türkmen halkyna parahatçylyk, b...

DOWAMY
pic
23 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti pakistanly kärdeşini TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy

Türkmenistanyň we Pakistanyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ymtylýandyklaryny beýan etdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Pakistanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler hem-de olary giňeltmäge taýýardyklanyny tassykladylar. Syýasy ulgamda döwletara...

DOWAMY
pic
23 Dek

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Goňşy döwletleriň baştutanlary mähirli salamlaşyp, türkmen we owgan halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alyşdylar. Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga geçmek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde—iri halkara g...

DOWAMY
pic
23 Dek

Birža söwdalarynda eksport geleşikleriniň bahasy ABŞ-nyň 75,5 million dollaryna golaý boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen mazudy, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa karbamid ( “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, nah mata we ýüplük satyldy. Sa...

DOWAMY
pic
22 Dek

Türkmenistanyň balykçylyk pudagy önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrýar

Ýurdumyzyň içerki bazarynda azyk bolçulygyny saklamak, ilatymyzy balyk önümleri bilen durnukly üpjün etmek, şeýle hem balyk serişdelerini saklamak we öndürmek maksady bilen bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça degişli çäreler görülýär. Häzirki wagtda “Ahalbalyk” döwlet kärhanasynyň Altyn asyr (610,9 gektar) hem-de Ak bugdaý (737,4 gektar) etraplarynda, şeýle hem Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynda (76 gektar) ýerleşen emeli suw hodanlarynda arassalaýyş we abatlaýyş işleri ge...

DOWAMY
pic
22 Dek

Täze ýyl baýramçylyk günlerinde howa we demirýol gatnawlarynyň ugurlary artdyrylar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow Türkmenistanyň ulag ulgamoynyň Täze ýyl baýramçylyklary günlerinde ýolagçy gatnawlarynyň sanynyň artdyryljakdygy barada hökümet mejlisinde habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, Aşgabat-Kerki-Aşgabat, Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat, Aşgabat-Daşoguz-Aşgabat ugurlary boýunça goşmaça demir ýol gatnawlary giriziler. “Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça baýramçylyk günlerinde içerki we daşarky gatnawlaryň sany artdyrylar. Şunlukda, Aşgabat-Ýere...

DOWAMY