SOŇKY HABARLAR
Aşgabat şäherinde Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata bagyşlanan media-forum öz işine başlady
2016-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata bagyşlanan media-forum öz işine başlady. Bu forumyň işine 10 sany halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem dünýäniň 30-a golaý ýurdundan 65 sany köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýar. Forumyň birinji mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş Geňeşiniň (ESKATO), Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysad...
Türkmenistanda döwletiň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklamak hakynda Konstitusion kanun kabul edildi
Türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän Ýaşulylar maslahatynda döwletiň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklamak hakynda Konstitusion kanun kabul edildi. Kabul edilen Konstitusion kanun ýurtda syýasy ulgamy hasda kämilleşdirmeklige, döwletiň we jemgyýetiň tapgyrlaýyn demokratiýalaşdyrylmagyna, hususan-da syýasy köp dürlülige we köp partiýalylyga gönükdirilen konstitusion üýtgeşmeleriň logiki taýdan dowamy bolup durýar. Bu işleriň iň esasy netijeleriniň biri hem, Türkmenista...
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ýaşulylar maslahaty öz işine başlady
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ýaşulylar maslahatynyň mejlisi öz işine başlady. Maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. Türkmenistanyň Döwlet Baştutany özüniň çykyşynda 25 ýylda ýurduň syýasy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda gazanan garaşsyz ösüşleriniň teswirini ýaýbaňlandyrdy, şeýle hem ýurduň we jemgyýetiň häzirki ýagdaýyna baha berdi. Türkmenistanyň Prezidenti durmuş-ykdysady ulgamyň ösüşi barada durup geçmek b...
Delide Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçirildi
2016-njy ýylyň 13-nji fewralynda, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyny ýerine ýetirmek çarçuwasynda, şeýle hem, 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Nýu Deli şäheriniň «Täj Mahal» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçihanasy Hindi-Türkmen Dostluk Jemgyýeti bilen bilelikde «Garaşsyzlygynyň we ösüşiň 25 ýyly: Türkmenistan we Hindistan» atly...
"GÜNDOGAR-GÜNBATAR” GAZ GEÇIRIJISI AÇYLYP ULANMAGA BERILDI
2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gaz geçiriji Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek” gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi. Bu şatlykly dabara gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň w...
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, P...
Türkmenistanda ýokary derejeli maslahat geçirildi
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly Halkara maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, dünýäniň ýokary syýasy derejeli wekilleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň baştunanlary gatnaşdylar.