RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Mar

AŞGABATDA TÜRKMEN-GYRGYZ SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 23-nji martynda Aşgabat şäherinde iki ýurduň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Türkmenistanyň we Gyrgyz Republikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar çygyrlaryndaky mümkinçiliklerine seljerme berildi. Taraplar özara bähbtli hyzmatdaşlygyň netijeli ösüşini kanagatlanma bilen bellediler we...

DOWAMY
pic
15 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KATAR DÖWLETINE DÖWLET SAPARY BAŞLADY

2017-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Katara döwlet sapary bilen geldi. Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Dohanyň halkara howa menzilinden aýratyn möhüm myhmanlar üçin niýetlenen “St.Regis Doha”. kaşaň myhmanhanasyna tarap ugraýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe wagtdan bu ýerden Katar Döwletiniň Emiriniň köşgüne tarap ugrady. Köşgüň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Baştutanyny Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani mähirli g...

DOWAMY
pic
7 Mar

TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTAN HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE DEREJESINE ÇYKDYLAR

2017-nji ýylyň 7-nji martynda irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyzda döwlet saparynda bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ulag-kommunikasiýa infrastrukturasynyň möhüm desgalary bolan Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň açyp ulanylşa girizmek dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenabat şäherine geldiler. Türkmenabadyň howa menzilinden Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew awtoulaglarda Türkmenabat-Farap demir ýol we...

DOWAMY
pic
6 Mar

ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY

2017-nji ýylyň 6-njy martynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana döwlet sapary başlandy.  Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda dabaraly resmi garşylanyşy boldy.Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşini mübärekledi. Meýdançada belent mertebeli myhmanyň hormatyna Hormat garawuly düzüldi. Iki ýurduň liderleri nyzama düzülen esgerleriň öňünden geçdiler. Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
2 Mar

TÜRKMENISTANYŇ BMG-a AGZA BOLMAGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY MEJLIS GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan – BMG: Parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna birek-biregi hormatlamak ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk” atly dabaraly mejlis geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistan Mejlisiniň, ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanal...

DOWAMY
pic
1 Mar

Oýunlaryň başlamagyna 200 gün galmagy mynasybetli Aşgabat 2017-niň tumary bilen tanyşdyryş çäreleri

Oýunlaryň başlamagyna 200 gün galandygy mynasybetli, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet bu şanly senäni bellemek üçin Aşgabat 2017-niň tumary Wepaly bilen bütin dünýäni tanyşdyrýar. Tumaryň adyndan belli bolşy ýaly, Wepaly türkmen dilinde ynamdar dost diýmegi aňladýar. Tumaryň durmuşa ornaşdyrylmagy sporty öňe sürmek we Oýunlaryň geçirilýän döwrüniň öň ýanynda şowhunly gurşawy döretmek maksady bilen, ony şekil taýdan j...

DOWAMY
pic
1 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Yslamabatda geçirilen YHG agza ýurtlarynyň Sammitine gatnaşdy

Şu gün, 2017-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza ýurtlarynyň XIII Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Pakistan Yslam Respublikasyna gitdi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet hem hökümet baştutanlarynyň we ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu  duşuşyk Guramanyň geçen döwrüň içinde amala aşyran işlerine baha bermekde, seljermekde, şol bir wagtda geljekde haýsy ugurlar boýunça işleriň alny...

DOWAMY