SOŇKY HABARLAR
GFR-IŇ FEDERAL HÖKÜMETINIŇ OWGANYSTAN WE PÄKISTAN BOÝUNÇA ÝORITE WEKILI, GÜNORTAI AZIÝA BOÝUNÇA KOMISSARY BILEN DUŞUŞYK
2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen, GFR-iň Federal hökümetiniň Owganystan we Päkistan boýunça ýorite wekili, Günorta Aziýa boýunça komissary Markus Potsel bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde geçirilýän işleriň netijeliligini bellediler we sebitleýin ykdysady gatnaşyklarda Owganystanyň integrasiýasyna gönükdirilen Türkme...
KATAR DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Ahmad Hassen Al-Hamadiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda ýola goýlan açyk we dostlukly dialogy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi...
BAE-NIŇ DAŞARY IŞLER BOÝUNÇA DÖWLET MINISTRI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Owganystan boýunça ministrler derejesindäki ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Anwar Muhammet Gargaş bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilşini seljerdiler. Şunuň bilen baglylykda taraplar syýasy we söwda-ykdysady ga...
TÜRKMENISTANYŇ WE GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN ÖZARA GATNAŞYKLARYŇ MESELELERINI MASLAHATLAŞDYLAR
2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Gruziýanyň Hökümetiniň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Miheil Janelidze bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda halkara derejesindäki işjeň hyzmatdaşlyk barada aýdyp, taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryn...
TÜRKMENISTAN WE GÜNORTA AZIÝANYŇ SEBITLEÝIN HYZMATDAŞLYK ASSOSIÝASIÝASY GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEK MESELELERINI MASLAHATLAŞDYLAR
2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Owganystan boýunça ministrler derejesindäki ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Günorta Aziýanyň sebitleýin hyzmatdaşlyk assosiýasiýasynyň (SAARÇ) Baş sekretary Amjad Hussein Sial bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda, Türkmenistan bilen SAARÇ-yň arasynda geljekki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitläp, taraplar energetika, u...
AŞGABATDA OWGANYSTAN BOÝUNÇA SEBITLEÝIN YKDYSADY HYZMATDAŞLYK MASLAHATY (RECCA VII) GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda owgan meselesi boýunça möhüm soraglaryň çözülmegine özara ylalaşylan çözgütleri işläp taýýarlamakda geljekki tagallalary birleşdirmäge, Owganystanyň parahat galkynyşy we ösüşi üçin bilelikde hereket etmäge, hem-de tutuşlygyna sebit we sebitara derejede ykdysady integrasiýany güýçlendirmäge ýardam bermegi maksat edinen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi. Masla...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-nyň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň Baş sekretary jenap Muhisa Kituýini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň tutuş türkmen halkyna aýdan abadançylyk we gülläp ösüş baradaky hoşniýetli sözlerini ýetirdi. Hormatl...