SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝASYNYŇ 28-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDÄKI DUŞUŞYGY
2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda “Oguzkent” myhmanhanasynyň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredowyň Gruziýanyň Hökümetiniň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Miheil Janelidze bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, taraplar onuň geljekki ösüşine hemmetaraplaýyn meýillerini beýan etdiler. Ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň me...
Türkmenistan we Rumyniýa nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýärler
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynda geçirilen energetika pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise gatnaşmak üçin Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti Aşgabada geldi. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, nebiti we gazy gazyp alýan we nebithimiýa senagatynyň kärhanalarynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagy we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy, döwreba...
Saud ösüş gaznasy TOPH-nuň gurluşygy üçin turbalaryň satyn alnyşyny maliýeleşdirer
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygyna niýetlenen gaz geçiriji turbalaryň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen maliýe şertnamasyny baglaşdy. Bu barada ýurduň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň saýtynda habar berilýär. Öň habar berlişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserni 2015-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri TOPH gaz geçirijisiniň uzynlygy 214 km bolan...
«TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy I.Arabaýew adyndaky Gyrgyz Döwlet uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Dabaraly çärä Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekili, Milli kitaphanasynyň ýolbaşçysy, Bişkek şäherinde ýerleşýän Ilçihanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Bişkek şäherinde ýaşaýan türk...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KUBANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda, Energetika Hartiýasynyň Konferensiýanyň 28-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Kubanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku ş.) Alfredo Nýewes Portuondo bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatiki ulgamda, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirip, taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hy...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI HALKARA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda, halkara maslahatynyň çäklerinde “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Başlyklyk edýän döwründe bilelikde amala aşyrylan amaly we netijeli işlerini kanagatlanma bilen belläp, taraplar Türkmenistan...
AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Greminger bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we bar bolan mümkinçilikleri seljerildi. Özara gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmäge kanagatlanma bildirip, taraplar harby-syýasy, ykdysady-ekologik...