SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Katar Döwletiniň Emiriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Birek-biregi ýetip gelýän Täze, 2018-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap we hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki ýurduň Liderleri türkmen-katar gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly meseleler babatda maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň we Kataryň B...
HYTAÝDAN EÝRANA TÄZE UGUR BOÝUNÇA NOBATDAKY ÝÜK OTLUSY GOÝBERILDI
2017-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hunan welaýatynyň dolandyryş merkezi Çanşa şäherinden Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Tährana çenli nobatdaky synag ýük otlusynyň goýberilişi boldy. Bu ýük otlusynyň ugry Hytaý demir ýol torunyň ulgamlarynyň, hususan-da Horgos serhetýaka geçelgesiniň, Altyn koý-Bolaşak (Gazagystan) demir ýollarynyň ugry, Türkmenistanyň Serhetýaka, Akýaýla demir ýol ulgamynyň üsti bilen soňra Tähranyň gapdalyndan geçip gidýär. Çanşa - T...
TÜRKMEN HOWA ÝOLLARY AŞGABAT-ÝEREWAN-FRANKFURT UGRY BOÝUNÇA GATNAWY AÇDY
Türkmen howa ýollary Aşgabat-Ýerewan-Frankfurt-Ýerewan-Aşgabat ugry boýunça gatnawy açdy. Bu halkara gatnawy “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi hem-de syýahatçylygy söýýänler we işewürler üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Aşgabat bilen Ýerewanyň arasynda göni howa gatnawyny açmagyň mümkinçilikleri barada şu ýylyň awgust aýynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda g...
Hormatly Prezidentimiz Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilýän ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi
Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly ylmy-amaly maslahatyň açylmagy hem-de ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Biziň ýurdumyz döwletlilik, kanunyň hökmürowanlygy we milli demokratik ýörelgelerden ugur alyp döwlet, jemgyýet we şahsyýet gatnaşyklaryny, raýat jemgyýe...
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ «DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY AMALA AŞYRMAK BILEN BAGLYLYKDA ULAGLARYŇ ÄHLI GÖRNÜŞLERINIŇ ARABAGLANYŞYGYNY BERKITMEK» ATLY KARARNAMASYNYŇ ÄHMIÝETI HAKYNA MASLAHAT
2017-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamasynyň ähmiýeti hakynda maslahat geçdi. Maslahatyň işine Mejlisiň, ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkmen döwlet ulag we ara...
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin türkmen-rus hyzmatdaşlygyny berkitmek babatda pikirlerini aýtdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelýän Täze, 2018-nji ýyl bilen birek-biregi gutladylar hem-de dostlukly döwletleriň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Deňhukuklylyk we uzakmöhletleýin esasda guralýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň däbe öwrülen strategiki häsiýetini, şeýle hem ösüşe we rowaçlyga bolan ikitara...
“Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy
Ýola goýlan asylly däbe görä, ýetip gelýän Täze ýylyň öňýanynda “Döwletliler köşgünde” baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabarada onda terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Türkmenistanlylaryň ýaş nesli, ýurdumyzyň geljegi baradaky hemmetaraplaýyn alada döwlet Baştutanymyzyň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.Ýurdumyzda körpeleriň bagtyýar çagalygyny üpjün etmek üçin ähli şertler döredildi. Mähirli garalmagyň we yzyg...