SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ BMG-a AGZA BOLMAGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY MEJLIS GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan – BMG: Parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna birek-biregi hormatlamak ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk” atly dabaraly mejlis geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistan Mejlisiniň, ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanal...
Oýunlaryň başlamagyna 200 gün galmagy mynasybetli Aşgabat 2017-niň tumary bilen tanyşdyryş çäreleri
Oýunlaryň başlamagyna 200 gün galandygy mynasybetli, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet bu şanly senäni bellemek üçin Aşgabat 2017-niň tumary Wepaly bilen bütin dünýäni tanyşdyrýar. Tumaryň adyndan belli bolşy ýaly, Wepaly türkmen dilinde ynamdar dost diýmegi aňladýar. Tumaryň durmuşa ornaşdyrylmagy sporty öňe sürmek we Oýunlaryň geçirilýän döwrüniň öň ýanynda şowhunly gurşawy döretmek maksady bilen, ony şekil taýdan j...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Yslamabatda geçirilen YHG agza ýurtlarynyň Sammitine gatnaşdy
Şu gün, 2017-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza ýurtlarynyň XIII Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Pakistan Yslam Respublikasyna gitdi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet hem hökümet baştutanlarynyň we ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu duşuşyk Guramanyň geçen döwrüň içinde amala aşyran işlerine baha bermekde, seljermekde, şol bir wagtda geljekde haýsy ugurlar boýunça işleriň alny...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER
2017-nji ýylyň 21-nji fewralynda Moskwada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň, Daşary işler ministriniň wezipelerini ýerine ýetiriji R. Meredow bilen Russiýanyň Daşary işler ministri S.Lawrowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow türkmen Liderini ählihalk tarapyndan Prezident wezipesine saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem, ol 12-nji fewralda geçen saýlawlaryň açyk, demokratik...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanyň daşary syýasaty içerki ösüşler we dünýä giňişliginde milli bähbitleri üpjün etmek üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir
18-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara çykyş edip ýüzlenmek bilen ýakyn geljekdäki ýedi ýyl üçin Türkmenistanyň daşary saýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Hormatly Mejlise gatnaşyjylar! Häzirki döwürde dünýä çalt depginler bilen özgerýär. Dürli-dürli syýasy we ykdysady guramalar peýda bolýar. Täze howplar hem-de wehimler ýüze çykýar. Şeýle şertlerde jogapkärli we oýlanyşykly daşary syýasaty alyp barmagyň aý...
Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklandy
Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, onuň syýasy-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkara syýasaty ulgamynda döwletiň öňünde durýan wezipeleriň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny tassyklamak” hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine şu Konsepsiýany durmuşa ge...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA “BITARAP TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY: PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK” ATLY HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirildi. Halkara maslahatyň işine Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik...