RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASY BAŞLANGYÇLARY BARADA

Däp bolşy ýaly Türkmenistan parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek ugrundaky halkara başlangyçlaryň awtory hökmünde çykyş edýär. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde we onuň daşynda wajyp meseleleri ara alyp  maslahatlaşmaga işjeň gatnaşýar.                                                           Ählumumy dünýä, howpsuzlyk we durnuklylyk – bu Türkmenistanyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisindäki  hödürlenjek garaýşlarynyň esasy düzümi bolýar. Türkmenistanyň  şu daşary syýasy ugry öňü...

DOWAMY
pic
13 Sen

Döwlet Baştutanymyz we Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň ministri özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň işleri boýunça ministri jenap şeýh Nasser Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahy kabul etdi. Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, dostlukly ýurduň Baştutany Şeýh Sabah Al Ahmad Al Jaber Al Sabahyň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny hem-de berk jan saglyk we amala aşyrylýan özgertmelerde täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Myhman öz ýurdunyň Türkmenistan bilen...

DOWAMY
pic
12 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITAPLARY –HALKARA NEŞIR BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI

Otuzynjy Moskwa halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde GDA döwletleriniň “Kitap sungaty” halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistan tarapyndan bäsleşige hödürlenilen kitaplaryň dördüsi hem ýokary baýraklara mynasyp boldy. Şu ýyl “Kitap sungaty” bäsleşiginiň baýraklary ugrunda on ugur boýunça 87 neşir bäsleşdi. Türkmen neşirýatçylary eýýäm birnäçe gezek ýeňiji bolupdylar we aýry-aýry ugurlarda baýrakly orunlary eýeläpdiler. Emma ýurdumyzyň döwlet neşirý...

DOWAMY
pic
12 Sen

AFRIKALY BOSGUNLAR TOPARY SPORTUŇ ÝEŇIL ATLETIKA GÖRNÜŞI BOÝUNÇA YLGAW ÝODAJYGYNDA ÝARYŞAR

Aşgabat 2017-ä gatnaşýan bäş türgenden ybarat bolan bosgunlar topary mälim edildi we sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça ýaryşlara gatnaşarlar. Wekiliýet toparynyň ýolbaşçysy Kenýanyň meşhur ylgaýjy zenany Tegla Lorop bolup, onuň ýanynda başga-da iki sany wekil we tälimçi bolar. Bäş sany bosgun türgen bolan - Polo Amotun Lokoro (1500m), Wiýual Puok Deň (400m), Gaý Ýaň Tap (800m), Ukuk Uthu Bul (3000m) we Ýeh Pur Biel (800m) “Tegla Lorop” adyndaky Parahatçylyk Guramasynyň Naýrobide gurnan ý...

DOWAMY
pic
11 Sen

Milli puluň we ýadygärlik teňňeleriň täze görnüşleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Merkezi banky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli hümmeti 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manada deň bolan banknotlaryň täze 2017-nji ýylyň modifisirlenen nusgalaryny, şeýle hem her haýsynyň hümmeti 100 manada deň bolan “Aşgabat Olimpiýa stadiony” atly altyn we kümüş ýadygärlik şaýy pullaryny dolanyşyga çykardy. Ýurdumyzyň Merkezi bankynda geçirilen metbugat maslahatynda...

DOWAMY
pic
11 Sen

V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ POÇTA MARKALARYNYŇ TOPLUMY TÜRGENLER WE JANKÖÝERLER ÜÇIN ÝADYGÄRLIK BOLAR

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi biziň ýurdumyzyň taryhyna uly ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna poçta markalarynyň iki tapgyryny çykardy. Olaryň birinde Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sportuň ähli görnüşlerini dabaralandyrýan Wepaly alabaýyň keşbi, beýlekisinde bolsa olaryň piktogrammalary şekillendirilendir. Olar bilelikde Oýunlaryň nyşanlary hakynda uly bolmadyk beýanat bolup durýarlar.  Poçta markalarynyň Baýdak, Tugra, S...

DOWAMY
pic
9 Sen

TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 72-NJI MASLAHATYNA GATNAŞMAGA TAÝÝARLANÝAR

2017-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna taýýarlyk görlişi barada hasabat berdi. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Nýu-Ýorkda Milletler Bileleşiginiň nobatdaky forumynda ýurdumyzyň beýan etjek ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin aýtdy. Öňde boljak çäreleriň barşynda ählumumy parahatçylygyň,...

DOWAMY