SOŇKY HABARLAR
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI WLADIMIR PUTIN RESMI SAPAR BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde RF-yň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Uçaryň ýanyndan uzalyp gidýän haly ýodasynyň ugrunda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawuly nyzama düzüldi. Russiýanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni howa menzilinden motosiklçileriň hormat garawulynyň ugratmagynda...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-RUS GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabada düýn gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda syýasy döwletara dialogyň ýokary ösüşini belläp, taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň meselelerini maslahatlaşdylar we syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň toplumlaýyn ösü...
HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Ozal ýurdumyzda kabul edilen Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin we Gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda gün tertibininiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti olary durmuşa geçirmek boýunça, şol sanda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Geňeşinde degişli resminamalary we rezolýusiýalary kabul etmek babatdaky işjeň hereketleri dowam edýär. Ynsanp...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BMG-NIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK
2017-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri R.Meredow V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença hem-de BMG-niň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) täze baştutany Natalýa German bilen duşuşdy. Türkmen tarapy h-m Germany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Merkezi Aziýada parahatçyly...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI W.W.PUTIN RESMI SAPAR BILEN TÜRKMENISTANA GELÝÄR
2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putin resmi sapar bilen Türkmenistana gelýär. Türkmenistanyň we Russiýanyň global gün tertibiniň esasy meseleleri bolan bütindünýä parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, halkara terrorçylygyň wehimlerine we ekstremizme garşy durmak, ýaragsyzlanmak we Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça garaýyşlary ýakyndyr. Ýurtlaryň ikisi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ BAŞTUTANYNY KABUL ETDI
2017-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni hem-de BMG-niň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) täze baştutany Natalýa Germany kabul etdi. Olar V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler. Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny a...
OLIMPIÝA STADIONYNDA ÝAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ ÝAPYLYŞ DABARASY BOLDY
2017-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy boldy. Oňa gatnaşmak üçin Olimpiýa stadionyna on müňlerçe tomaşaçylar, sport baýramçylygynyň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar ýygnandy. Dünýäniň 82 ýurdundan gelen žurnalistleriň we synçylaryň ýarym müňden gowragy diňe bir ýaryşlaryň netijeleri hakynda däl, eýsem, Türkmenistan, onuň...