RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Noý

HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETINIŇ WE TOKIO DAŞARY ÝURT DILLERI UNUWERSITETINIŇ ARASYNDA TALYP ALYŞ ÇALYŞY HAKYNDAKY ÄHTNAMA GOL ÇEKILDI

2017-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Tokio daşary ýurt dilleri unuwersitetiniň prezidenti Hirotaka Tateişi we wise-prezidenti Sukero Ito bilen duşuşyk geçirildi. Ýapon kärdeşleriň ýurdumyza bu sapary ýokary bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmäge gönükdirilendir. Bu duşuşygyň dowamynda türkmen okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary üçin Tokio daşary ýurt dilleri unuwersitetiniň wise-prezidenti Sukero Itonyň okuw sapagy...

DOWAMY
pic
20 Noý

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY “BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZIŇ ORNY”ATLY KARARNAMANY KABUL ETDI

2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan teklip edilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziň orny” atly kararnamany kabul etdi. Kararnamanyň awtordaşy bolup 57 ýurt çykyş etdi. Kararnamada Merkeziň sebitiň ýurtlarynyň arasynda umumy ynjalyksyzlyk döredýän soraglary bilen bagly meseleleri çözmek boýunça dialogy berkitmek üçin amala aşyrýan tagallalary oňlanylýar. Kararnamany Baş Assamb...

DOWAMY
pic
20 Noý

EÝRANA TÜRKMEN YNSANPERWER KÖMEGI UGRADYLDY

Maşatda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ugradylan Eýranyň ilaty üçin ynsanperwer ýükli kömegi bermek çäresi boldy. Bu ýurduň Kermanşah welaýatynda Sarpol-e-Zahab etrabynda güýçli ýertitreme bolup, onuň derejesi Rihter ölçegi boýunça 7,4 bala ýetdi.  Iberlen ýüki – derman serişdelerini ýörite awtoulag kerweni ýetirdi. Ugradylan önümleriň umumy bahasy 280 müň manatdan gowrakdyr.  Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugynda türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýik ynsanperwer...

DOWAMY
pic
18 Noý

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Şu gün, 2017-nji ýylyň 18-nji noýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maslahat geçirildi, onuň barşynda 14-15-nji noýabrda Aşgabatda geçen Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) jemleri jemlendi, şeýle-hem Owganystanyň parahatçylykly ösüşine ýardam bermek boýunça meýilnamalaýyn işi dowam etmegiň we özarabähbitli sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meýilnamalaryna seredilip geçdildi. Bellenilip geçilşi ýaly, forumyň işine 37...

DOWAMY
pic
17 Noý

ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK

2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan boýunça ministrler derejesindäki ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça Ýörite wekili Roland Kobia bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Owganystanda howpsuzlyk çygryndaky häzirki ýagdaýy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Owganystanyň sebitleýin hyzmatdaşlygynyň gurallary meselelerini öz i...

DOWAMY
pic
16 Noý

AŞGABATDA “2017-NJI ÝYLDA DÜNÝÄNIŇ ILATY”ATLY ÄHLUMUMY ÇYKYŞYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 16-njy noýabrynda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda UNFPA-nyň “2017-nji ýylda dünýäniň ilaty” Ählumumy çykyşynyň tanyşdyrylyşy boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň ilat gaznasy tarapyndan guralan bu çärä ýurdumyzyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Milli bilim institutynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, birnäçe ministrlikleriň we pu...

DOWAMY
pic
16 Noý

TRASEKA HÖKÜMETARA KOMISSIÝASYNYŇ HEMIŞELIK SEKRETARIATYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK

2017-nji ýylyň16-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen, TRASEKA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Mirça Çiopraga bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Merkezi Aziýada ulag ulgamynyň ösüşini üpjün etmegiň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Owganystanyň durmuş-yk...

DOWAMY