RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Noý

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Serhetabat – Turgundy demir ýolunyň gurluşygyna badalga berdi

Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine tarap täze demir ýoluň gurluşygyna badalga berdi. Bu waka Türkmenistanyň we Owganystanyň üstünlikli ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Iki ýurduň demir ýoluň edaralary geçen hepde Aşgabatda bu demir ýoluň şahasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Türkmenistanyň Baştutanynyň...

DOWAMY
pic
29 Noý

DURNUKLY ENERGETIKA ÖSÜŞINIŇ MESELELERI – ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝASYNYŇ ÜNS MERKEZINDE

2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda “Oguzkent” myhmanhanasynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işini “ Maýa goýumlaryny durnukly energetika geljegine gönükdirmek we daşamagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak” diýen temada dowam etdi. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň ministrler bölümi ýokary derejeli şahslar üçin energetikada durnukly maýa goýumlary ulgamynda çözgütleri kabul etmäge we energetika kärhanalarynyň ýolbaşçylary üçin syýasy mes...

DOWAMY
pic
29 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WE GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝASYNYŇ 28-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDÄKI DUŞUŞYGY

2017-nji ýylyň  29-njy  noýabrynda “Oguzkent” myhmanhanasynyň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredowyň Gruziýanyň Hökümetiniň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Miheil Janelidze bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, taraplar onuň geljekki ösüşine  hemmetaraplaýyn meýillerini beýan etdiler. Ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň me...

DOWAMY
pic
28 Noý

Türkmenistan we Rumyniýa nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýärler

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynda geçirilen energetika pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise gatnaşmak üçin Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti Aşgabada geldi. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, nebiti we gazy gazyp alýan we nebithimiýa senagatynyň kärhanalarynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagy we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy, döwreba...

DOWAMY
pic
28 Noý

Saud ösüş gaznasy TOPH-nuň gurluşygy üçin turbalaryň satyn alnyşyny maliýeleşdirer

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygyna niýetlenen gaz geçiriji turbalaryň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen maliýe şertnamasyny baglaşdy. Bu barada ýurduň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň saýtynda habar berilýär. Öň habar berlişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserni 2015-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri TOPH gaz geçirijisiniň uzynlygy 214 km bolan...

DOWAMY
pic
28 Noý

«TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy I.Arabaýew adyndaky Gyrgyz Döwlet uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Dabaraly çärä Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekili, Milli kitaphanasynyň ýolbaşçysy, Bişkek şäherinde ýerleşýän Ilçihanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri,  Bişkek şäherinde ýaşaýan türk...

DOWAMY
pic
28 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KUBANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY

2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda, Energetika  Hartiýasynyň Konferensiýanyň 28-nji mejlisiniň çäklerinde  Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Kubanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku ş.) Alfredo Nýewes Portuondo bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatiki ulgamda, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirip, taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hy...

DOWAMY