SOŇKY HABARLAR
DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-POLÝAK HYZMATDAŞLYGYNY PUGTALANDYRMAK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak maksady bilen gelen Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku ş.) j-p Marek Ýanuş Salka bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we Türkmenistan bilen Polşa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde işjeňleşdirmegiň meseleleri...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň Halkara taslamalar boýunça müdirliginiň başlygy j-p Takasi Ýosiokanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ýyl-ýyldan has-da berkeýändigini belläp geçdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşine we strategiki häsiýetine hem ser...
MINISTRLER DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHAT ÖZ IŞINI TAMAMLADY
2018-nji ýylyň 7-nji dekabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: hazirki we geljekki ösüşi” atly ministrler derejesindäki halkara maslahatynyň işi dowam etdirildi. Bu mejlisiň dowamynda “Taryhy menzillerden häzirkizaman awtomobil ýollaryna: Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi”, “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky umumy miras we özboluşlylyk” hem-de “Beýik Ýüpek ýolunda söwdanyň üsti bilen medeniýetiň ýaradylmagy” atly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANKT-PETERBURG ŞÄHERINDE GEÇEN GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriniň baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda iş sapary bilen boldy. Sankt-Peterburgyň halkara aeroportyndan Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B.N.Ýelsin adyndaky kitaphana bardy. Ol ýerde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlyklygynda Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň ýygnagy geçdi. Birek-birek bilen salamlaşanlarynd...
«TÜRKMENISTAN – BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI ÝYLYNDA DAŞKY GURŞAWY GORAMAK ULGAMYNDA ÝETILEN SEPGITLER WE HALKARA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA MASLAHATY
2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda daşky gurşawy goramak ulgamynda ýetilen sepgitler we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem...
ÝUNESKO-NYŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHATYNYŇ PLENAR MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde ÝUNESKO tarapyndan «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara ministrler derejesindäki maslahatynyň plenar mejlisi tamamlandy. Dünýäniň 40-а golaý ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän halkara maslahatynyň maksady Beýik Ýüpek ýolunyň durnukly ösüşi gazanmak üçin ähmiýetini hem-de wajyplygyny görkezmekden, häzirki wagtdaky jemgyýetlerde mede...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANKT-PETERBURG ŞÄHERINE IŞ SAPARY BILEN GITDI
2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen gitdi. Bu iş saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl Sammitine gatnaşmaklygy we onda çykyş etmekligi göz öňünde tutulýar.