SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WELOSIPED SPORTUNDA GAZANAN ÜSTÜNLIKLERINE BAGYŞLANAN BRIFING
2019-njy ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan çäreleriň çäklerinde Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde Türkmenistanyň welosiped sportunda gazanan üstünliklerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge gatnaşyjylar ýurdumyzda, şeýle hem dünýä derejesinde welosiped sportunyň ilerledilmegine goşýan goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyklaryny bildirdiler. Türkmenistanyň Prezidentine welosiped sportunyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin Welosipedçileriň halk...
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI BELLENILIP GEÇILDI
2019-njy ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi. Türkmenistan bilen bir hatarda Bütindünýä welosiped güni dünýäniň köpsanly ýurtlarynda hem bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş...
OLEG KONONENKO TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Lýotçik-kosmonawt Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Bütindünýä welosiped güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Kosmonawt öz gutlagynda “Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni Siziň ýolbaşçylygyňyzda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň aýdyň ykrar edilmegi boldy”...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI AŞGABADA GELDI
2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.N.Aripowyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň ýokary derejeli wekiliýeti Aşgabada geldi. Özbegistan Respublikasynyň wekilleri 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY WEKILIÝET AŞGABADA GELDI
2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.A.Medwedewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Aşgabada geldi. Rus wekiliýeti 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ BIRINJI ORUNBASARY AŞGABADA GELDI
2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Birinji orunbasary D.Saidyň ýolbaşçylygyndaky Täjigistan Respublikasynyň wekilçilikli wekiliýeti 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi. Günüň ikinji ýarymynda ýokary derejeli myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýa...
AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI TÜRKMENISTANA GELDI
2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri N.I.Mamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň wekiliýeti şu ýylyň 31-nji maýynda türkmen paýtagtynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Ismail oglu Mamedow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň bar...