RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝUNISEF BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Kristin Weýgand bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) arasyndaky uzak möhletli hyzmatdaşlygy barada belläp geçdiler. Milli derejede işlenip düzülen we durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň netijeliligine aýratyn ünsi çekdiler. Şeýle hem sanly bilim ulgamy, saglygy g...

DOWAMY
pic
24 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ (IRU) BILERMENLERI BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) bilermenleri bilen wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň birnäçe ministrliginiň we pudak edarasynyň, şol sanda Döwlet gümrük gullugynyň, Mejlisiň, Merkezi bankyň, «Türkmenawtoýollary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, hem-de Halkara awtoulag daşaýjylarynyň türkmen assosiasiýasynyň w...

DOWAMY
pic
23 Apr

LEBAP WELAÝATYNDA TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMY MYNASYBETLI GEÇIRILEN ÇÄRELER

2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde dürli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ilki bilen Türkmenabat şaherindäki Lebap welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynyň nemes, türk we arap dillerinde tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara ýurduň hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary o...

DOWAMY
pic
23 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WE HALKARA SÖWDA MERKEZINIŇ (HSM) WEKILLERI BILELIKDÄKI TASLAMANY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Halkara Söwda merkeziniň Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän  «Merkezi Aziýada söwdany ösdürmek: sebitde özara we halkara söwda ýardam» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Çärä ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Se...

DOWAMY
pic
23 Apr

SEBITDÄKI WE DÜNÝÄDÄKI YKDYSADY ÝAGDAÝY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK ÜÇIN HALKARA PUL GAZNASY BILEN WIDEOMASLAHAT GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda wideo aragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankynyň ýolbaşçylary, Halkara pul gaznasynyň wekilleri şeýle hem, Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitiniň döwletleriniň maliýe we ykdysadyýet ministrleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda gatnaşyjylar özara gyzyklanma bildirilýän yk...

DOWAMY
pic
23 Apr

TÜRKMEN-ÖZBEK DUŞUŞYGYNYŇ DOWAMYNDA SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLARY IŞJEŇLEŞDIRMEK MESELELERINE SEREDILDI

2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine ministrleriň orunbasarlary derejesinde Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministriniň orunbasary bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň derejesine, Türkmenistanda we Özbegistanda öndürilýän önümleriň, şol sanda dokma, ýüpek, nebitgaz, himiýa senagatlarynyň önümleriniň, oba hojalyk tehnik...

DOWAMY
pic
23 Apr

ÝUNESKO-NYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň ylym, bilim we medeniýet meseleleri (ÝUNESKO) boýunça Baş direktorynyň orunbasary hanym Şamila Nair Beduel bilen wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikir alyşdylar, olaryň hatarynda ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryny, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant...

DOWAMY