RSS

SOŇKY HABARLAR

7 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HGI-DA ÝHHG-NYŇ TARYHY, GYMMATLYKLARY WE IŞI BARADA OKUWLAR GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 5-7-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy: gurluşy, ýörelgeleri we gymmatlyklary» mowzuk boýunça okuwlar geçirildi. ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi bu üç günlük kursy Merkeziň 20 ýyllyk şanly senesiniň dabaralanmagyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde gurnady.       Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we...

DOWAMY
6 Noý

RIMDE ÝOKARY DEREJELI TÜRKMEN-ITALÝAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen bardy. Rimiň “Fýumiçino” halkara howa menzilinde türkmen Liderini Italiýanyň ýokary derejeli wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.     Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni halkara howa menzilinden sapar mahalynda Türkmenistanyň Baştutanynyň kabulhanasy ýerleşen “Rome Kawalýeri” myhmanhanasyna ugrady. 7-nji noýabrda i...

DOWAMY
6 Noý

ŽENEWADA GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ AGZA-ÝURTLARYNYŇ ILÇILERINIŇ DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Ženewada BMG-niň Milletler Köşgünde Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza-ýurtlarynyň Ilçileriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Ženewada BMG-niň ýanyndaky Goşulyşmazlyk hereketiniň agza-ýurtlarynyň şeýle-de, synçy ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri we ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar 2019-njy ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň Döwlet we Hökümet baştutanlarynyň 18-nji Mejlisi hem-de GH-...

DOWAMY
6 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ITALIÝA RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY

2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy. Şol günüň özünde Milan şäheriniň «Rosa Grand Milano» myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Italiýanyň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürler maslahaty öz işine başlady. Çäräniň dowamynda maslahata gatnaşyjylar energetika, nebit-gaz pudagy, telekommunikasiýa, ulag, syýahatçylyk we beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňelt...

DOWAMY
6 Noý

TÜRKMENISTAN “SUW SERIŞDELERINI TYGŞYTLY PEÝDALANMAK – DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNA ÝETMEGIŇ ESASY” ATLY HALKARA MASLAHATYNY GEÇIRÝÄR

2019-njy ýylyň 5-6-njy noýabrynda Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak – durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy” atly halkara maslahaty geçirildi. Ol özünde dünýäniň 10 ýurdundan 60-dan gowrak bilermeni jemledi. Maslahatyň işine suw serişdelerini dolandyrmak ulgamynda taslamalary amala aşyrýan 9 sany halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.      Maslahaty geçirmek başlangyjy bilen Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bil...

DOWAMY
5 Noý

AŞGABATDA HALKARA KITAP SERGI-ÝARMARKASY WE YLMY MASLAHAT ÖZ IŞINE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we onuň çäklerinde ylmy maslahat öz işine başlady. Sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ylym hem-de medeniýet işgärleri, neşirýat gullugynyň hünärm...

DOWAMY
5 Noý

TÜRKMENISTANDA ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ MEDENIÝET GÜNLERI DABARALY AÇYLDY

2019-njy ýylyň 5-nji noýabrynda paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýere döredijilik intelligensiýasynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylara iki ýurduň medeniýet ministrleriniň orunbasarlary gutlag sözi bilen ýüzlenip, şu wakanyň ähmiýetini bellemek bilen, ýola...

DOWAMY