SOŇKY HABARLAR
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY
2021-nji ýylyň 13-nji aprelinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa we Hytaý” formatynda ministrleriň derejesindäki ikinji mejlisine taýýarlyk görmekden ybarat. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. HHR-nyň Daşary işler ministriniň orun...
TÜRKMENISTANYŇ WE KATAR DÖWLETINIŇ SÖWDA-SENAGAT EDARALARYNYŇ WEKILLERINIŇ DUŞUŞYGY
Şu gün, 2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň we Katar döwletiniň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen wekiliýetine Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebow, katar tarapyna bolsa Söwda-senagat edarasynyň Başlygynyň birinji orunbasary Mohammad Bin Ahmad Al-Kuwari ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşyga şeýle-de iki döwletiň energiýa, söwda, dokma we azyk senagaty, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki pudaklar boýunça ýöriteleşdirilen döwl...
Gyrgyz Respublikasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp tegelek stol geçirildi
2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy I.Arabaýew adyndaky Gyrgyz Döwlet Uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de ýurdumyzda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli tegelek stol geçirdi. Çärä Gyrgyz Respublikasynyň Parlamentiniň wekilleri, Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýolbaşçylary, Bişkekde akkreditirlenen diplomatik wek...
MEDENI-YNSANPERWER GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEK TÜRKMENISTAN BILEN EÝRANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNYŇ ARASYNDA
8-nji aprelde Aşgabatda geçirilen türkmen-eýran Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriniň barşynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga jikme-jik seredildi. Taraplar global pandemiýa bilen bagly girizilen çäklendirmeler gowşanyndan soň, ýüzbe-ýüz görnüşde bilelikdäki medeni çäreleri guramak boýunça gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Hususan-da, wekiliýetler akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça görülýän taýýarlyk işleri, şeýle-de bu sene myna...
TÜRKMEN-EÝRAN DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ GEŇEŞMELERINIŇ BARŞYNDA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu ýylyň 8-nji aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleri derejesinde geçirilen Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleriniň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Agzalan ugur boýunça özara hereketleriň uly mümkinçiliklerini bellemek bilen, taraplar ýakyn wagtda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlygyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary gurnamak b...
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
Aşgabada iki günlük sapar bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarifiň ýolbaşçylygyndaky eýran hökümet wekiliýeti geldi. Şu gün, 8-nji aprelde Eýranyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Soňra Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministrlikleriň arasynda geňeşmeler geçirildi. Ministr Muhammad Jawad Zarif sapary guramagyň ýokary derejesi üçin türkmen tarapyna — Daşary işler ministri...
TÜRKMEN-ÝAPON SYÝASY GEŇEŞMELERIŇ BARŞYNDA MÖHÜM MESELELERIŇ BIRNÄÇESI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2021-nji ýylyň 8-nji aprelinde iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, ýapon tarapyna — Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa işleri boýunça Býurosynyň Baş direktorynyň orunbasary, Ministriň kömekçisiniň orunbasary Şuiçi Tokuda ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni...