SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN HOWANYŇ ÜÝTGEMEGINE GARŞY GÖREŞMEK BABATDA IŞJEŇ ORNY EÝELEÝÄR
2021-nji ýylyň 21-nji aprelinde ABŞ-nyň Prezidentiniň Howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerriniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew howanyň üýtgemeginiň meseleleri babatda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen tegelek stola gatnaşdy. Bu çäre dünýäniň onlarça döwletiniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň noýabr aýynda Glazgo şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwen...
TÜRKMENISTAN GENDER DEŇLIGI MESELELERI WE AÝALLARYŇ HUKUKLARYNY WE MÜMKINÇILIKLERINI GIŇELTMEK BOÝUNÇA BMG-NIŇ EDARASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA SAÝLANDY
2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistan Gender deňligi meseleleri we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça BMG-niň edarasynyň (BMG-Zenanlar) Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2022-2024-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlandy. “BMG-Zenanlar” BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýardam beriji edarasy bolup, ol BMG-niň ulgamynyň gender deňligi we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçilikler...
BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-TÜRK ÖZARA HEREKETLERINIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda Bilim babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşininiň üçünji mejlisi geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Bilim ministri Orazgeldi Gurbanow hem-de Türkiýe Respublikasynyň Milli bilim ministri jenap Ziýa Selçuk ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşyga iki ýurduň degişli pudak edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Gepleşikleriň barşynda medeniýet, bilim ulgamlarynda türkmen-türk özara hereketle...
ŽENEWADA PATENT HUKUGY HAKYNDAKY ŞERTNAMA GOŞULMAGY HAKYNDAKY GURALYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 19-njy aprelinde Ženewada Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň (BIEG) ştab-kwartirasynda BIEG-nyň Baş direktory jenap Daren Tanga Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen Patent hukugy hakyndaky Şertnama (2000-nji ýyldaky) goşulmagy hakyndaky Guralyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda Ilçi, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili A.Haljanow Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, hususan-da BIEG bilen işjeň gatn...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY «BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ORNY» ATLY REZOLÝUSIÝANY BIRAGYZDAN KABUL ETDI
2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Guramanyň agza-döwletleriniň 72-niň awtordaşlygynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny» atly rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý sessiýasynyň barşynd...
TOPH GAZ GEÇIRIJI TASLAMASYNYŇ GURLUŞYGY BOÝUNÇA TÜRKMEN-OWGAN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde “Türkmengaz” Döwlet konserninden wekili M.Amanowyň we Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öwezowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary E.Ebad bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada umumy pikir aly...
«GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ HATYRASYNA HALKARA HYZMATDAŞLYGY» ATLY HALKARA MASLAHATYŇ JEMLERI BOÝUNÇA TEGELEK STOL GEÇIRILDI
15-nji aprelde Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat üstünlikli tamamlandy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda çäräniň netijeleri boýunça tegelek stol geçirildi. Onda maslahatyň esasy ugurlary beýan edildi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew alyp baryjy hökmünde çykyş etdi. Çärä Turkmenistanyn Daşary işler min...