SOŇKY HABARLAR
Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Yslamabat ş.) Jemal Beker Abdulanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we Türkmenistanda bolýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda...
Türkmenistanyň Watikandaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Keramatly Pýotryň Ybadathanasynda Türkmenistanyň Watikandaky täze bellenen Ilçisi Wepa Hajiýewiň ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi. Dabara Papa Fransiskiň ýüzlenmesinden başlanyp, onda ählumumy wehimleri ýeňip geçmekde diplomatiýanyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Rim Papasy Watikanyň «oňyn bitaraplyk» ýörelgesine ygrarlylygyny aýratyn belledi hem-de meseleleri çözmekde umydy we döredijilikli çemeleşmäni elden bermezlige çagyrdy. Rim Papasy bilen gysga s...
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň wekillerini kabul etdi
2024-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Abbas Aliabadini we Eýranyň Merkezi bankynyň başlygy Mohammad Reza Farzini kabul etdi. Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyklaryny bildirip, ösüşler we özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkada...
Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri bilen geçirilen duşuşyk hakynda
2024-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň energetika Ministri Abbas Aliabadiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary döwlet derejesindäki ynanyşykly gatnaşyklaryň konstruktiw türkmen-eýran hyzmatdaşl...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama kabul edildi
2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 43-nji umumy mejlisinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adyndan Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama kabul edildi. Kararnamanyň taslamasyny hödürlän Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa taslamany goldaýandyklary üçin BMG-ä agza ýurtlara minnetdarlygyny bildirdi we Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şer...
Aşgabatda «Türkmenistan – BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň üçünji mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň üçünji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Baş sekr...
Türkmenistanyň wekiliýeti Malta Respublikasynda geçirilen ÝHHG-nyň Ministrler geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Malta Respublikasynyň Walletta şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 31-nji mejlisine gatnaşdy. Bu möhüm çäre her ýylda ÝHHG-a agza bolan 57 sany ýurdyň wekillerini jemleýär we şu ýyl duşuşyga 30-dan gowrak döwletiň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri we ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iki günüň dow...