SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARLAR
Ozal habar berlişi ýaly, şu günler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Fransiýa Respublikasyna sapary amala aşyrýar. Saparyň ilkinji gününiň çäginde türkmen wekiliýeti Fransiýanyň "MEDEF-International" halkara assosiasiýasynyň agzalygyna girýän fransuz kompaniýalarynyň işewürlik duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti fransuz işewür wekillerine ýurdumyzyň ykdysad...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ FRANSIÝA SAPARY BAŞLANDY
2023-nji ýylyň 4-5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Fransiýa Respublikasyna sapary amala aşyrýar. 4-nji sentýabrda saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Fransiýanyň Prezidentiniň Kontinental Ýewropa, Türkiýe we Balkan ýurtlary boýunça diplomatik geňeşçisi Bertran Buhswalter bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň başynda R.Meredow Türkmenistany...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÝEWRAZIÝA ATLY SPORT ASSOSIASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti M.Seçina bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabarasyna gatnaşýandygy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Russiýa Fe...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERINIŇ KATARYŇ ATÇYLYK FEDERASIÝASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani bilen duşuşdy. Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary türkmen halkynyň Milli Liderine Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Taniniň aýdan mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Meredowyň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy bolup geçdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamlaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ib...
В МИД ТУРКМЕНИСТАНА ОБСУЖДЕНЫ ВОПРОСЫ УКРЕПЛЕНИЯ МНОГОПЛАНОВОГО СОТРУДНИЧЕСТВА С ФРГ
1 сентября 2023 года министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов провёл переговоры c немецкой делегацией, возглавляемой депутатом Бундестага Германии Петером Байером. В ходе встречи стороны расмотрели актуальную повестку межгосударственного взаимодействия. В данном контексте подчеркнута значимость контактов на высшем и высоком уровнях. Также были конкретизированы важные аспекты дальнейшего сотрудничества в политической и торгово-экономической областях. Сферы здравоохранения, цифров...
TÜRKMENISTANYŇ HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ MEJLISI
2023-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibiniň çäginde Toparyň şu ýylky iş Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýakyn geljekde geç...