SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Ilçisi Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryna ynanç hatlaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Wellington şäherindäki Hökümet öýünde Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tokiýo şäheri) Atadurdy Baýramowyň Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Sindi Kiro ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze Zelandiýanyň General-guberna...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary tamamlandy
2025-nji ýylyň 17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Azerbaýjanyň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşlikde dostlukly ýurduň resmi wekili Milli Liderimiziň saparynyň dowamynda geçiren duşuşyklary...
Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde özara gatnaşyklaryň netij...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy bilen gepleşikleri
2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşygy boldy. Allahşukur Paşazade belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we ruhy-medeni gymmatlyklary ilerletmekde şeýle duşuşyklaryň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle-de...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy geçirildi. Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjanyň milli parlamentiniň agzalary bilen, öz nobatynda, türkmen halkynyň Milli Lideri hem Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň B...
Türkmenistan bilen Botswana Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Botswana Respublikasynyň Halkara gatnaşyklar ministri Penýo Butale bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki ýurduň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp ba...
Türkmenistanyň we Horwatiýa Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işler ministri Gordan Grliç-Radmanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň toplumy boýunça türkmen-horwat hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Söhbetdeşle...