SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Gismat Fuzuli ogly Gozalowyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we diplomatik işiniň durmuşa geçirilmeginde türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda bar bolan syýasy-dipl...
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Beata Peksanyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministr Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we Türkmenistandaky diplomatik işini durmuşa geçirmekde üstünlik arzuw etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa” form...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY
2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň formatynyň çäklerinde birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY «MERKEZI AZIÝA + GERMANIÝA» GÖRNÜŞINDÄKI WEKILIÝETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Berlin şäherinde iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + Germaniýa» görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentiniň başlyklyk etmeginde işewürlik ertirlik nahary görnüşinde geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Resp...
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 32 ÝYLLYGY – DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çäreler hem dabaralar geçirilip, döwletimiziň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini beýan edýän ýörite neşirler çap edildi. Bu baýramçylyk wakalar dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde boldy. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe žurnallar, şol sanda, şanly senä bagyşlanyp, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan taýýarlanan «Türkmenistanyň w...
TÜRKMEN-ISPAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Markos Gomes Martinesiň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we onuň diplomatik işini amala aşyrmakda türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Diplomatlar döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslaha...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE EÝRANYŇ WEKILÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň hakimi Ali Mohammad Zanganeniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmaga gelen wekilýet bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen EYR-nyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtap geçdiler. Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen...