SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy
2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Moskwa amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow bilen duşuşdy. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp...
Bişkekde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi
2023-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda Gyrgyz-Türk Manas uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan filosof-şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklaryndaky ähmiýeti” atly halkara ylmy maslahat guraldy. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri, Gyrgyz Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik korpusyň ýolba...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy
2023-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy. Bu ýerde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (COP28) geçirilýär. Dubaýda COP28 howa maslahatyna gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikit...
Türkmenistanyň wekiliýeti Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 30-njy noýabry -1-nji dekabry aralygynda Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň ministrler geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy. ÝHHG-ä başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministri B.Osmaniniň ýolbaşçylygynda geçirilen duşuşyga ÝHHG-niň 57 döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri we ýolbaşçylary hem-de 11 hyzmatdaş dö...
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda çykyş etdi
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna gatnaşdy. Ählumumy forumyň gün-teribine laýyklykda, onda howa boýunça Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilişiniň jemleri jemlener, geljekki hereketleriň meýilnamasy kesgitlener. Dünýä bileleşigi öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin şol meýilnamadan ugur alyp biler. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, onuň netijelerini ara...
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda, Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi b...
Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy resmi taýdan yglan etdi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň Glazgoda geçirilen 26-njy maslahatynda bellenen Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjyň Türkmenistan tarapyndan goldanýandygy barad...