YSLAMABATDA TÜRKMENISTAN BILEN PAKISTANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy ýurduň Parahatçylyk we Diplomatik ylymlary instituty bilen bilelikde Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmen-pakistan gatnaşyklaryna 30 ýyl – ösüş ýoly” atly okuw maslahatyny gurnadylar.

Bu çärä Pakistanyň DIM-niň wekilleri, görnükli syýasatşynaslar, Pakistanyň seljeriş merkezleriniň, işewür toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Yslamabatdaky daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we ýerli KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Öz çykyşlarynda okuw maslahatyna gatnaşyjylar 30 ýylyň dowamynda iki ýurduň arasynda döwlet baştutanlarynyň, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary derejesinde yzygiderli syýasy gatnaşyklaryň ýola goýlandygy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigi bellenildi. Iki ýurduň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn formatda, halkara guramalaryň çäklerinde işjeň özara gatnaşyklary alyp barýandyklary bellenildi.

Şeýle hem geçirilen okuw maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ilçisiniň Pakistanyň Döwlet nebit ministri Musadik Masud Malik bilen gepleşikleri geçirildi. Onuň dowamynda Pakistanyň Döwlet ministri Türkmenistan bilen bileikdäki TOPH we TOP taslamalarynyň mundan beýläk hem ilerledilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň zerurdygyny nygtady.