TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “EKSPO-2020” BÜTINDÜNÝÄ SERGISINE GATNAŞAR

Şu gün, 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dubaý şäherinde geçirilýän EKSPO-2020 bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlandy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň iş saparynyň çäklerinde ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.

Şeýle-de ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň milli pawilýonynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini beýan edýän wideorolikler görkezilýär. Interaktiw gologrammalaryň üsti bilen türkmen pawilýony ýurdumyz tarapyndan guralan halkara çäreler barada gürrüň berýär. Wideorolikleriň üsti bilen sergä gatnaşyjylar we myhmanlar döwletimiziň ulag, gurluşyk, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda gazanan üstünliklerine girişmäge mümkinçilik gazanýarlar. Eliň degmesini duýýan sanly hasyllaryň hereketini we ösüşini, ahalteke bedewleriniň ajaýyplygyny, dürli interaktiw gologrammalary görüp bolýar. Şeýle-de ahalteke bedewleriniň utgaşmasynda medeniýet ulgamyndaky üstünlikler görkezilýär.

Türkmen pawilýonlarynyň ikinji gatynda ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň sergi ekspozisiýalary ýerleşdirildi. Şonuň ýaly-da, özboluşly türkmen harytlary we suwenirleri hem Türkmenistanyň pawilýonlaryny bezeýär.