Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky” Permana gol çekdi

photo

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer, DIM-niň ministri Raşid Meredowyň habar berşi ýaly, hereket edýän milli kanunçylykdan hem-de halkara hukuk kadalaryndan, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýän ynsanperwerlik ýörelgelerden ugur alnyp, belli sebäpleriň hem-de ýagdaýlaryň netijesinde öz Watanyny taşlamaga mejbur bolan adamlaryň hukuklaryny, erkinliklerini we bähbitlerini üpjün etmek boýunça Türkmenistanda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky” Permana gol çekip, ýurdumyzyň raýatlary bolan adamlary tüýs ýürekden gutlady we olara maşgala abadançylygyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşini üpjün etmek işine mynasyp goşant goşmaklaryny arzuw etdi.