Ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalary Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirýärler

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary Bütindünýä welosiped güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirýärler. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýän bu halkara baýramçylygy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda döredildi.

Şeýlelik bilen, Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Moskwanyň M.Gorkiý adyndaky Merkezi medeni we dynç alyş seýligähinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Çärä 85 adam gatnaşdy, olaryň arasynda Ilçihananyň işgärleri, Moskwanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, hemişelik ýaşaýan türkmen wekilleri bar.

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Bakunyň deňiz ýakasyndaky milli seýligähiniň Müdirligi bilen bilelikde welosipedli ýöriş gurady. Bu sport çäresine diplomatik korpusyň wekilleri, talyplar we türgenler gatnaşdylar.  

Şeýle-de Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy hem Nur-Sultan, Türkestan, Şymkent şäherlerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmaklarynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirdi.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Seulyň açyk tebigatda ýerleşen seýligähleriniň birinde Ilçihananyň işgärleriniň hem-de Koreýada bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda welosipedli ýöriş guraldy.

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Bişkek şäheriniň «Yntymak» seýligähinde Ilçihananyň işgärleriniň, türkmen talyplarynyň hem-de welosiped spotuny söýüjileriň gatnaşmagynda welosipedli ýöriş geçirildi.

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Pakistanyň DIM-niň hem-de Yslamabat şäherinde ýerleşen diplomatik korpusyň wekilleri bilen birlikde «Pedal for a Green Future» şygary bilen guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy.

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçihanasy tarapyndan Abu-Dabi şäherinde geçirilen welosipedli ýörişe hem diplomatlar we olaryň maşgala agzalary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki Baş Konsullygy tarapyndan hem köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi, oňa Konsullygyň işgärleri, «TAPI Pipeline limited company» paýdarlar kompaniýasynyň Dubaý şäherindäki wekilleri, ol ýerde hemişelik ýaşaýan türkmenler hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Dubaýda ýaşaýan wekilleri gatnaşdylar.

Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde ýerleşen Konsullygy tarapyndan hem Astrahan welaýatynyň halkara gatnaşyklary agentliginiň goldaw bermeginde welosipedli ýöriş geçirildi. Çärä bu Agentligiň, ol ýerde hemişelik ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, talyp ýaşlar, şeýle-de Astrahan şäheriniň ýaşaýjylary we ýerli metbugat wekilleri gatnaşdylar.  

Köpçülikleýin sport çärelerine gatnaşyjylar işjeň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň medeniýetine aralaşmaga, umumy gyzyklanmalary boýunça dostlaryny tapmaga, şeýle-de wagtlaryny netijeli hem-de şadyýan geçirmek üçin oňyn mümkinçilik aldylar.