Saud ösüş gaznasy TOPH-nuň gurluşygy üçin turbalaryň satyn alnyşyny maliýeleşdirer

photo

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygyna niýetlenen gaz geçiriji turbalaryň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen maliýe şertnamasyny baglaşdy. Bu barada ýurduň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň saýtynda habar berilýär.

Öň habar berlişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserni 2015-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri TOPH gaz geçirijisiniň uzynlygy 214 km bolan türkmen böleginiň gurluşygyny amala aşyrýar.

2017-nji ýylyň noýabrynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň Er-Riýadda geçirilen bäşinji mejlisinde Saud ösüş gaznasy Aşgabat tarapyndan başlangyjy öňe sürlen TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyna goldaw bermäge gyzyklanma bildirdi.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2017» maslahatynda habar berlişi ýaly, TOPH taslamasy tiz durmuşa geçirilýär. Oňa öňdebaryjy konsalting we hukuk kompaniýalary gatnaşýar. Ýewropanyň we Aziýanyň ençeme eksport-kredit agentlikleri gaz geçirijiniň Owganystanyň we Pakistanyň çäklerindäki gurluşygyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler.

Häzirki wagtda turba geçirijiniň enjamlaryny satyn almak hem-de ugurdaş infrastrukturalary üçin, Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde onuň ugrunda ýol çekmek üçin halkara bäsleşikleri geçirilýär. «TAPI PipelineCompany Limited» konsorsiumy gaz geçirijini maliýeleşdirmek boýunça işleri alyp barýar we ýakyn geljekde owgan we pakistan çäklerinde gaz geçirijiniň gurluşygyny başlamak meýilleşdirilýär.

TOPH gaz geçirijisiniň taslama kuwwaty — ýylda 33 milliard kub metrdir.