AŞGABATDA PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Aşgabatda Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
2021-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň binasynda «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly parlament ýolbaşçylarynyň arasyndaky duşuşyk wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.
Forumyň işine 15 ýurtdan ýokary wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşygy açmak bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa kärdeşleriniň bu foruma işjeň gatnaşmaklarynyň olaryň Türkmenistan bilen özarabähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge we ösdürmäge ygrarlydyklarynyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady. 
Öz çykyşynda Mejlisiň başlygy ýurduň ählumumy parahatçylygyň hem-de dostlugyň ýola goýulmagyna gönükdirilen tagallalary barada aýratyn belledi we munuň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary bilen tassyklanylýandygyny nygtady. Şeýle hem türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň derwaýyslygy beýan edildi. Bu ädim halkara giňişliginde özara düşünişmegiň berkidilmegine hem-de ynanyşmak gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam eder.
Türkmenistanyň umumy ykrar edilen demokratik gymmatlyklara hem-de halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygynyň subutnamasy bolup durýan ýurtda geçirilen konstitusion özgertmeleriň derwaýyslygy hem nygtaldy. Ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň umumy gurluşynda geçirilen özgertmeleriň netijesinde, indi Milli Geňeş diýlip atlandyrylýan we Halk  Maslahatyndan hem-de Mejlisden ybarat bolan iki palataly parlament ulgamy üstünlikli işläp başlady. 
G.Mämmedowa BMG-niň degişli Kararnamasy bilen döredilen “Halkara parlamentarizm gününiň” ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdi. Şeýle hem, onuň parlament diplomatiýasynyň işjeňleşdirilmegine we dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň arasyndaky özarabähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn itergi berýändigi barada nygtaldy.
«Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly parlament ýolbaşçylarynyň arasyndaky duşuşygyň ahyrynda Jemleýji resminama kabul edildi.