TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NIŇ YKDYSADY-EKOLOGIKI UGRY BOÝUNÇA KOMITETINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde göni we sanly ulgam arkaly ÝHHG-niň ykdysady-ekologiki ugry boýunça Komitetiniň «Biodürlülik we howpsuzlyk – daşky gurşawyň ýaramazlaşmagynyň howpsuzlyga, şol sanda biodürlüligiň azalmagyna ýetirýän täsiri» atly mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi, Ilçi M.Akmyradow gatnaşdy.

Öz çykyşynda M.Akmyradow gatnaşyjylara Aral deňzini halas etmek boýunça hem-de sebitde ekologiki we durmuş-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmak boýunça Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty barada gürrüň berdi.

Hususan-da, ol, milli, sebit we halkara derejelerinde Aral meselesiniň çözülmegine ulgmlaýyn çemeleşmäniň tarapdary bolmak bilen, Türkmenistanyň onýyllyklaryň içinde ýurtda ekologiki ýagdaýyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe amaly çäreleri geçirýändigini belläp geçdi.

Şol bir wagtda, Türkmenistan halkara giňişliginde Aral deňziniň meselesini çözmek boýunça sebit we halkara jemgyýetçiliginiň ýurtlarynyň tagallalaryny utgaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary we teklipleri yzygiderli öňe sürýär.

Soňra diplomat gatnaşyjylary Hazar deňziniň ekologiki ýagdaýyny gowulandyrmak we sebitiň durnukly ösüşi üçin şertleri döretmek boýunça Türkmenistanyň tejribesi bilen jikme-jik tanyşdyrdy.