Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-nyň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň Baş sekretary jenap Muhisa Kituýini kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň tutuş türkmen halkyna aýdan abadançylyk we gülläp ösüş baradaky hoşniýetli sözlerini ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Muhisa Kituýe minnetdarlyk bildirip, oňyn bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, giň netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň tarapdarydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşdyrylan gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda Döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar. ÝUNKTAD-nyň Baş sekretarynyň belleýişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan we milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler netijesinde hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň Baş sekretary Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan hem-de ählumumy abadançylyga we gülläp ösüşe ýardam bermegi baş maksat edinýän netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildirdiler.