Türkmenistanyň Prezidenti Awazanyň dynç alyş düzüminiň ösdürilişi bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatynda boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň iş saparynyň esasy maksady ýerlerde, ýurdumyzyň Hazarýaka sebitinde we ilkinji nobatda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda özgertmeleriň barşy bilen tanyşmakdan ybarat.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş merkezli akwaparkyň gurulýan ýerine geldi. Ozal ýangyç-energetika toplumynyň garamagynda bolan bu iri täze gurluşygy döwlet Baştutanymyzyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine alyp barmak tabşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, birleşme tarapyndan täze toplumy gurnamak hem-de onuň binýadynda ýaşaýyş ulgamy bolan has amatly dynç alyş merkezini döretmek boýunça teklipleriň birnäçesi taýýarlanyldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guruljak desgalaryň taslamalaryny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabatda bina etmek meýilleşdirilýän dürli desgalaryň taslamalary hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabady ösdürmegiň 16-njy nobatdaky tapgyrynyň maksatnamasyny hem, ony kottej we mellek görnüşli köp öýli hem-de özbaşdak ýaşaýyş öýli böleklere bölünmegini, umuman, makullady. Milli Liderimiz taslamalary düzüjileriň paýtagtymyzy şähergurluşyk taýdan ösdürmäge, onuň binagärlik keşbine täze tapawutly aýratynlyklary girizmäge döredijilikli çemeleşmelerine mynasyp baha berip, 16-njy nobatdaky tapgyryň maksatnamasyny has içgin işlemek babatda tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem akwaparkyň çäklerini gözden geçirdi. Bu desganyň ýakyn wagtda çagalary özüne çekip, maşgala bolup işjeň dynç almagyň merkezine öwrüljekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Hormatly Prezidentimiz attraksionlaryň ygtybarlylygyna hem-de howpsuzlygyna örän uly üns bermegi talap etdi.
Häzirki wagtda döwrebap “Awaza” şypahanasynyň gurluşygynyň depgini günsaýyn ýokarlanýar, onuň düýbi geçen ýylyň maýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda tutuldy. Täze şypahana Oguzhan şaýolunyň we Dostluk köçesiniň arasynda, “Daşoguz” sagaldyş we dynç merkeziniň ýanynda bina edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şypahananyň gurluşygynyň barşyny gözden geçirmegi tamamlap, Hazarýaka sebitiniň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň agzalarynyň “Awaza” şypahana toplumyny netijeli dolandyrmak ulgamynda öňde durýan wezipeleri ýene bir gezek beýan edip, bu zolagyň Balkan welaýatynyň ykdysady hem-de maýa goýum ösüşiniň hereketlendiriji guraly, bejeriş-sagaldyş jahankeşdeligini, Türkmenistanda syýahatçylyk pudagynyň we myhmansöýerlik däpleriniň ösdürilmeginiň daýanç nokady bolmalydygyny belledi.