Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň diplomatik okuw mekdepleriniň arasynda onlaýn-maslahat geçirildi

2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň, iki ýurduň diplomatlarynyň gatnaşmaklygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli onlaýn görnüşinde “tegelek stol” maslahaty geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzyň milli bähbitlerini ygtybarly üpjün edilmeginiň kepilidigi we sebit howpsuzlygyny gazanmagyň netijeli guralyna öwrülendigi bellenildi.

Bu babatda Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň türkmen-gyrgyz ikitaraplaýyn gatnaşyklary, bitaraplyk institutynyň we halkara gatnaşyklarynda kemala gelen bitaraplygyň türkmen nusgasyny öwrenmeklige aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy.

“Tegelek stol” maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmeklige gönükdirilen işleri alnyp barylşy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bu hyzmatdaşlygyň gerimini artdyrmak boýunça degişli teklipleri hem hödürlediler.