Ýyllyk žurnalyň täze sany

photo

“Syýasat we jemgyýet” atly ylmy-nazaryýet žurnalyň nobatdaky, 2016-njy ýyl üçin 4-nji sany çapdan çykdy. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan türkmen we rus dillerinde çap edilýär.

Žurnalyň täze sanynyň epigrafy edilip döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu jümleleri getirilen: “Biziň üstünliklerimiziň gözbaşynda türkmen halkynyň ýokary watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, Watanymyzyň dünýä ýüzündäki şöhratynyň ýokary galmagyna gönükdirilen tagallalarymyz bar”.

Jemgyýetimiziň durnukly hemmetaraplaýyn ösüşiniň halkyň düşünjeliliginiň we zähmet işjeňliginiň ösmegi bilen içgin arabaglanyşygyny anyk alamatlandyrýan bu sözlerde neşiriň ähli materiallarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän baş pikir jemlenendir.

9 sany mowzuklaýyn umumy sözbaşylardan ybarat bolan bu žurnalda maglumatlara baý makalalaryň 20-si ýerleşdirilipdir. Bu makalalar Türkmenistanyň içerki we halkara gatnaşyklaryndaky, onuň dünýä giňişliginde abraýynyň, ornunyň we täsiriniň artmagyndaky göwrümli özgertmeler babatda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky şanly wakalara bagyşlanýar. Şunda wakalaryň we hadysalaryň düýp özenini, häsiýetini açyp görkezmäge, jemgyýetçilik ösüşiniň meýillerini we ýurtda bolup geçýän oňyn işlere täsir edýän ýagdaýlary ýüze çykarmaga aýratyn üns berlipdir.

Geçen ýyl Türkmenistan parahatçylyk we döredijilik ýagdaýynda, ýokary ruhy joşgunda uly ähmiýetli taryhy senäni – öz bitarap döwletiniň Garaşsyzlygynyň çärýek asyrlyk baýramyny dabaraly belledi. Makalalaryň biri şu meselä bagyşlanyp, onda erkin we özbaşdak ösüşiň çärýek asyrynyň içinde häzirki zaman Türkmen döwletiniň berk binýadynyň tutulandygy, raýat jemgyýetiniň kemala getirilendigi, depginli ösýän ykdysadyýetiň döredilendigi, ilatyň doly durmuş üpjünçiliginiň gazanylandygy köp sanly faktlar we sanlar bilen tassyklanylýar.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, “Garaşsyzlyk – merdana halkymyzyň erkinliginiň, asuda durmuşynyň we bagtyýar geljeginiň gözbaşydyr. Bu baýram biziň şöhratly ata-babalarymyzyň mähri we yhlasy, ýürek arzuwlary siňen ata Watanymyzyň, eziz topragymyzyň hakyky eýesi bolmagymyzyň beýik baýramydyr. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň çüwen bagtydyr, göterilen ykbalydyr, ýüzlerçe ýyllara ýaň salan köňül küýseginiň, göwün isleginiň mysalydyr!”.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçen ýyl “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edildi. Bu mowzuga bagyşlanan makalada türkmen halkynyň gaýtalanmajak materiallaryň we ruhy gymmatlyklaryň bitewi ulgamyny emele getirýän, asyrlaryň dünýä taryhyna giren hem-de häzirki döwrüň medeniýetini we sungatyny ösdürýän baý we özboluşly mirasy şahsyýetiň ahlak, estetik we döredijilik taýdan ösüşiniň, ýaş nesli watançylyk, zähmetsöýerlik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemegiň mizemez daýanjy bolup hyzmat edýär. Neşir edilen makalada bu ugurda halkara derejesinde, şol sanda ynsanperwer ulgamynda geçirilen Medeniýet günleri, sungat festiwallary, döredijilik we ylmy taýdan alyşmalar giňden şöhlelendirilýär.

Geçen ýyl ýurduň häzirki zaman taryhyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşiniň kabul edilen ýyly hökmünde girdi, ol milli döwletliligiň mundan beýläkki ösüşiniň syýasy-hukuk binýady bolup durýar. “Türkmenistanyň konstitusion ösüşi: esasy aýratynlyklar we häzirki meýiller” atly makalada döwletimiziň kämilleşdirilen Baş Kanunynyň dünýäniň iň oňat tejribesine esaslanýandygy, şunuň bilen birlikde türkmen halkynyň mental aýratynlyklaryny, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan däp-dessurlaryny we adatlaryny göz öňünde tutýandygy nygtalýar.

Türkmenistanyň täzelenen Konstitusiýasy demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň baş ugurlaryny kesgitlemek bilen, adamy jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýär, onuň kanuny bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň ählisini, şeýle hem halkyň abadan durmuşy üçin zerur bolan şertleri döretmegi kepillendirýär. Ol halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly jogap berýär, ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň nobatdaky döwrüniň başyny başlaýar.

Žurnalda ýerleşdirilen “Ählihalk ynamy we goldawy” atly makalada saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň we saýlawlaryň nähili geçendigi barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Bu makalada jemgyýetimiziň dünýägaraýşy we jemgyýetçilik-syýasy kämilligi, türkmen jemgyýetinde höküm sürýän agzybirligiň we jebisligiň ruhy örän aýdyňlyk bilen beýan edilýär.

Döwletiň we jemgyýetiň işlerini dolandyrmaga özleriniň hem gatnaşýandyklaryna akyl ýetirmek bilen, ýurduň raýatlary ses bermäge örän işjeň ýagdaýda gatnaşdylar, çuň watançylyk duýgularyny we tüýs ýürekden bolan erklerini ýüze çykardylar, türkmen halkynyň saýlap alan döwlet ugruna özleriniň ygrarlydygyny tassykladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlawlarda uly ýeňiş gazanmagy milletiň Lideriniň Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine gönükdirilen döredijilikli, durmuş syýasatynyň ählihalk tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär, şonuň ýaly-da türkmen halkynyň özüniň abadan durmuşyny we ýagty, bagtly geljegine bolan berk ynamyny Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşdyrýandygynyň aýdyň şaýatnamasy bolup durýar diýlip, makalada nygtalýar.

Žurnalyň mowzuklarynyň biri ykdysady syýasata bagyşlanýar, bu syýasat türkmen ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň senagat taýdan durnukly täzeçil ösdürilmegini goldamaga, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmaga, hususy ulgamy höweslendirmäge gönükdirilendir.

Bu bölümde ýerleşdirilen makalalarda halk hojalygyny diwersirleşdirmegiň möhüm düzümi hökmünde gurluşyk toplumynyň döwrebaplaşdyrylyşy, sebitleriň arasynda ygtybarly baglanyşdyryjy we ýurdy ösdürmegiň kesgitleýji faktory hökmünde ulag-aragatnaşyk gurluşyň ýaýbaňlandyrylan ugurlarynyň kemala getirilişi, geljegiň energetiki landşaftyny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň saýlap alan baş ugry hakynda gürrüň berilýär. Bu bölümde çap edilen makalalaryň awtorlary ykdysadyýeti ösdürmegiň milli maksatnamalarynyň 26-synyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýärler.

“Döwlet adam üçindir!” diýen mowzuk astynda çap edilen makalada milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň many-mazmuny beýan edilýär. Bu syýasatyň düýp maksady her bir raýatyň abadançylygy, adamyň hukuklaryny we azatlygyny, onuň ukybyny we zehinini, intellektual we döredijilik mümkinçiligini durmuşa geçirmek üçin iň oňat şertleri döretmekden ybaratdyr. Makalada bilim ulgamyna döwlet maýa goýumlarynyň gönükdirilmeginiň artdyrylmagynyň giň düşünjeli, ýokary tutanýerli ýaş nesli terbiýelemäge, tutuş türkmen halkynyň bilim derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigi ynandyryjylyk bilen görkezilýär.

Žurnalda çap edilen “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeni miras taglymaty – taryhy kökleri we ruhy täzeleniş”, “Türkmen döwletiniň ruhy-ahlak esasy” atly makalalarda milletiň Lideriniň çuňňur many-mazmuna eýe bolan täze taglymaty işläp taýýarlandygy hem-de ony halka hödürländigi barada bellenilip geçilýär, bu taglymatyň düýp özenini türkmen halkynyň birnäçe nesilleri tarapyndan toplanylan taryhy-medeni miras we ruhy-ahlak gymmatlyklar düzýär, olar her bir adamda watansöýüjilik, ýurduň taryhyna, milli däp-dessurlaryna we adatlaryna çuňňur hormat goýmak ýaly düşünjeleri terbiýeleýär. Jemgyýetde bu taglymatyň berkarar edilmegi asylly ynsanperwer ýörelgeler esasynda milletiň ahlak taýdan kämilligini üpjün etmäge ýardam berer.

Žurnalyň “Halkara gatnaşyklary” bölüminde çap edilen makalalarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasatyna seljerme berilýär. Makalalarda parahat söýüjilikli we döredijilik kuwwatyny ählumumy abadançylygyň, tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etmegi üçin goýmaga çalyşýan biziň döwletimiziň öňdebaryjy daşary syýasatyny dünýä bileleşiginiň giňden ykrar etmegini we goldamagyny maksat edinip, halkara giňişliginde ýurdumyzyň anyk keşbini döretmekde onuň abraýly strategiýasynyň eýeleýän ornuna baha berilýär.

Şu bölümde ýerleşdirilen beýleki makalalaryň birinde ähli halklaryň dostlugynyň we hyzmatdaşlygynyň, olaryň medeniýetine, däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmagyň türkmen jemgyýeti üçin milli akyl ýetirişiň aýrylmaz bölegine öwrülendigi barada gürrüň berilýär. Olarda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda parahatçylygy, deňhukuklygy we özara peýdaly hyzmatdaşlygy üpjün etmäge Türkmenistanyň işjeň gatnaşýandygynyň ynandyryjylykly mysaly görkezilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly täze kitabynyň neşir edilmegi möhüm waka boldy. Bu neşirde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň ruhuna mahsus dutar saz guralyny çalmagyň däpleriniň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşan meşhur sazanda Şükür bagşynyň (1833 – 1918 ý.) ömri we döredijiligi barada gürrüň berilýär.

Milletiň Lideriniň bu işine bagyşlanan makalada Şükür bagşynyň çylşyrymly meseleleri parahatçylyk ýoly bilen çözmäge çalşandygy bellenilýär. Şeýtmek bilen, Şükür bagşy gylyçdyr ok-ýaragyň bitirip bilmejek işini sazyň bitirip biljekdigini subut edýär. Häzirki döwrüň has wajyp meselelerini parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmegiň işjeň tarapdary bolup çykyş edýän ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda özygtyýarly Türkmenistan döwleti häzirki günde hut şeýle ruhda hereket edýär.

Žurnalda Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan çapa taýýarlanylan we neşir edilen kitaplara: döwlet Baştutanymyzyň “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly eserler ýygyndysynyň 9-njy tomuna we “Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” atly hronikanyň 9-njy goýberilişine, şeýle hem awtorlar topary tarapyndan taýýarlanylan “Türkmenistan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” atly monografiýa bagyşlanan degerli synlar çap edildi. Bu ýerde syýasy düşünjeleriň sözlügi hem ýerleşdirilýär.

Umuman, “Syýasat we jemgyýet” žurnalynyň makalalary giň okyjylar köpçüligi üçin uly gyzyklanma döredýär.

Neşir Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde ýokary derejede çap edildi.