14-15-nji noýabrda Owganystan Yslam Respublikasy boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty Aşgabatda geçiriler

photo

Türkmenistan 14-15-nji noýabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek Owganystan Yslam Respublikasy boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (RECCA VII) maslahatyna taýýarlyk görýär.

Owganystan Yslam Respublikasy bilen dostluk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz doganlyk döwleti dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna goşulyşmagyna ýardam etmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalary amala aşyrmaga çekmek arkaly Owganystan Yslam Respublikasynyň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine yzygiderli goldaw berýär.

Maslahatynyň guramaçylyk we beýleki degişli meseleleri üstünlikli çözmek maksady bilen ýörite utgaşdyryjy topar döredildi. Garaşylşy ýaly, forumyň işine dünýäniň ençeme ýurdunyň we halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň ýoriteleşdirilen düzümleriniň wekilleri gatnaşarlar.

Maslahatyň gün tertibiniň taslamasynyň – ýurtlarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek hem-de ykdysadyýet babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek esasy meseleleriň biri bolar. Iki günlük duşuşygyň barşynda Owganystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan energetika we ulag-aragatnaşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek, söwda, hususy ulgamy ösdürmek hem-de telekeçilik ugry boýunça işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmak ýaly ugurlara degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.