ÝHHG-NYŇ AŞGABATDAKY MERKEZI BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA GATNAŞYJY DÖWLETLERINIŇ HUKUKLARY WE BORÇNAMALARY BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRÝÄR

2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde ÝHHG tarapyndan guralan «Bütindünýä Söwda Guramasynda agzalygyndan gelip çykýan mümkinçilikleri we borçnamalary: ÝHHG gatnaşyjy döwletleriň tejribeleri» atly üç günlik onlaýn maslahat öz işine başlady.

Maslahatyň esasy maksady BSG-na goşulmak boýunça gepleşikleriň geçirilmeginde ÝHHG gatnaşyjy döwletleriniň tejribelerini öwrenmekden, şeýle hem milli söwda syýasatyny has-da kämilleşdirmek üçin indiki ädimlere goldaw bermekden ybaratdyr.

Duşuşyga birnäçe ministrlikleriň, şol sanda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri gatnaşýar. Çärä şonuň ýaly-da maliýe edaralarynyň we beýleki guramalaryň ygtyýarly wekilleri gatnaşýarlar.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd maslahatyň açylyşynda eden çykyşynda Türkmenistany Bütindünýä Söwda Guramasyna synçy hökmünde goşulmagy bilen gutlady. Ol «Biz, bu maslahaty Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiň kämilleşmegi, halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy hem-de daşary söwdanyň işjeňleşdirilmegi we ilerledilmegi ugrundaky yzygiderli tagallalaryna goldaw bermek üçin guradyk» diýip belläp geçdi.      

Çäräniň dowamynda gruziýaly halkara bilermenler öz ýurtlarynyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly tejribeleri we bu Guramanyň çäklerindäki borçnamalarynyň ýerine ýetirilşi dogrusynda gürrüň bererler. Çernogoriýadan gatnaşýan birlemen bolsa öz ýurdunuň BSG-da agzalygy we gepleşikleriň geçirilişiniň barşyny giňişleýin beýan eder.  BSG-nyň wekili Guramanyň gurluşy, wezipeleri we onuň agzalygyna kabul edilşi baradaky çözgütleriň esasy ýörelegeleri barada gürrüň berer.  

«Biziň maslahatymyz ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň sebitleýin hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we söwda ulgamynyň düzgünleriniň ýeňilleşdirilmegine bütewi çemeleşmeginiň mysaly bolup durýar hem-de biz kabul edilýän ýurduň Hökümeti bilen ykdysady howpsuzlygy we durnuklylygy saklamaga gönükdirilen işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge ygrarlydyrys» diýip, Natalýa Drozd nygtady. 

Şu ýylyň 4-nji sentýabryna çenli onlaýn maslahat öz işini dowam eder.