Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşmak boýunça meýilleşdirilen iş saparyny amala aşyrdy.

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ekologiýa, bioköpdürlüligi saklamak, çölleşmä garşy göreş bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berýän ýurdumyz bu ulgamda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, «Rio+20» Bütindünýä sammitinde we beýleki iri forumlarda öňe süren başlangyçlary umumadamzat ähmiýetli wezipeleriň çözgüdine gönükdirilendir.

Şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, Aral deňziniň gurşawy üçin BMG-niň ýörite maksatnamasyny taýýarlamak we Birleşen Milletler Guramasynyň işinde Aral meselesine aýratyn ähmiýet bermek hakyndaky teklipler bar.

BMG-niň tebigaty goramak boýunça binýat goýujy ylalaşyklaryny, şol sanda bioköpdürlülik, ozon gatlagyny goramak, çölleşmä garşy göreş, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak hakyndaky Konwensiýalary, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy gorap saklamak baradaky Konwensiýasyny hem-de howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygyny tassyklap, Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär.

Şu ugurlarda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, giň möçberli Ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde milli hem-de sebit derejesindäki ekologiýa maksatnamalarynyň onlarçasy durmuşa geçirilýär.

...Ir säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň gözel künjekleriniň birine geldi. Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde, howanyň amatly pursatlarynda ösümlikleriň gül açýan mahalynda sährada özboluşly ajaýyp görnüş emele geldi. Onuň giňişliklerinde özüne çekiji täsinlik duýulýar. Çöllük ýerlerden geçmäge ukyply ulagda amala aşyran saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz sähranyň ajaýyp görnüşlerini synlady.

Ýurdumyzda ekologiýa babatda ägirt uly ylmy-barlag işleriniň alnyp barylýandygyny bellemeli. Şonuň netijesinde çölde gadymy döwürlerden bäri saklanyp galan ösümlikleriň köp görnüşlerine duş gelmek bolýar.

Döwlet Baştutanymyz ulagdan düşüp, sazak tokaýlyklaryny synlady. Sazak Garagumda iň köp ýaýran we tomsuň yssy hem-de gurak günlerinde öz keşbini saklaýan ösümlikleriň biridir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sazak tokaýlyklary hem türkmen tebigaty, Garagum sährasy, onuň ösümlik dünýäsi ýaly müňýyllyklaryň dowamynda köpdürlüligini saklap, Watanymyzyň esasy baýlygy, dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildirýän gymmatlygy bolup durýar.

Sazak iri saýaly bag bolmak bilen, ol iki-üç, kähalatda bolsa bäş metre çenli ösýär. Onuň köki çuňlugyna 9 metre çenli, gapdala bolsa 7,5 metre çenli uzaýar. Sazak ortaça 30 ýyl ýaşaýar. Bu ösümlik tohumy arkaly köpelýär. Şeýle hem sazak emeli ýol bilen köpeldilýär. Sazagyň fewral aýynyň aýaklaryndan başlap ösýändigini, mart-aprel aýlarynda gülleýändigini, sentýabr aýynda tohumlaýandygyny bellemeli. Noýabr aýynda onuň tohumy doly bişip ýetişýär.

Sazak ýagynly, maýyl ýaz aýlarynda gowy ösýär. Onuň çägä gömlen pudagynda goşmaça kökler emele gelýär. Çöl ýerlerinde ösýän sazak, selin, sözen süýşýän çägeleri berkitmekde, tozanly ýelleriň öňüni almakda ähmiýetlidir. Milli Liderimiz munuň ýurdumyzyň ekologiýasynyň gowulanmagynda möhüm ähmiýete eýedigini belleýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýoluny dowam etdi. Soňky ýyllarda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek maksatnamasy özüniň oňyn netijesini berýär. Tutuş ýurdumyzy gurşap alan bu maksatnamanyň çäklerinde dürli künjeklerde tokaý zolaklary döredildi. Derýalaryň we akabalaryň kenarlary gök zolaklara beslendi. Merkezi Garagumda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna ýardam edýär.

Ajaýyp ekoulgamy bolan Garagum sährasyna aýawly çemeleşmek, onuň çäklerinde ekologiýa nukdaýnazaryndan amatly künjegi döretmek, türkmen tebigatynyň netijeli we ylmy esasda peýdalanylmagyny üpjün etmek milli Liderimiziň amala aşyrýan ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Döwlet Baştutanymyz Garagum sährasynyň täsin tebigy künjekleriniň birinde saklandy. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew bu sähranyň ösümlik dünýäsini gorap saklamak we ony baýlaşdyrmak boýunça taýýarlanylan taslamalary milli Liderimize görkezdi.

Hususan-da, munuň özi sazak, sözen, ojar, gara gandym, boýalyç, çomuç, gamak, üzärlik, keýigokara, ýandak, siňren, selin, yşgyn, çeti, ýowşan, dagdan ýaly dürli ösümliklerden ybaratdyr. Bellenilişi ýaly, bu ösümlikleriň her biriniň öz aýratynlyklary bolup, ähmiýeti boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Häzirki wagtda Garagumda ösümlikleriň 293 görnüşi ösýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Garagumuň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, çölleşmä garşy göreşmek boýunça abraýly halkara guramalar bilen bilelikdäki ylmy işleri dowam etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Garagum sährasynyň baý ösümlik dünýäsiniň diňe bir ekologiýa babatda däl, eýsem, ynsan saglygy üçin örän ähmiýetlidigini belledi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň gadymy döwürlerden bäri halkymyz tarapyndan dürli maksatlar üçin peýdalanylandygyny belledi. Hususan-da, halkymyz köp asyrlaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykda ýaşap, her bir ösümligiň aýratynlyklaryny nazarda tutupdyr we şolara möhüm ähmiýet beripdir. Halk döredijiligi eserleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz türkmen topragynda bitýän dagdan agajy barada aýdyp, bu ösümlik hakynda halk tarapyndan rowaýatlaryň döredilendigini belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, dagdan berk agaç bolmak bilen, onuň özboluşly täsiri bar. Gadymy döwürlerde uzak ýollara rowana bolan kerwen hatarlaryndaky düýeleriň boýnuna bir bölejik dagdan agajyny asypdyrlar. Munuň özi ýoluň rowaç boljakdygy baradaky ynamy berkidipdir.

Häzirki döwürde hem türkmenleriň düşünjesi üýtgewsizligine galdy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de onuň halk däpleriniň we dessurlarynyň dowam edýändiginiň nobatdaky subutnamasydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde çöl ösümlikleriniň her biriniň häsiýetli aýratynlyga eýedigini, şolaryň halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşyp, dürli ugurlarda peýdalanylýandygyny gürrüň berdi.

Milli Liderimiz sazagyň halk lukmançylygynda ulanylandygyny aýdyp, çaga bir zatdan gorkan ýagdaýynda oňa sazagyň külüni suwa garyp içirilendigini, sazak pürüniň suw bilen garylyp, çagalara içirilende, içegelerdäki ýokanç keselleri aýyrmaga ýardam edýändigini, sazak tüssesiniň adamyň nerw ulgamyny rahatlandyrmakda täsiriniň uludygyny belledi.

Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden we bu ugurda birnäçe ylmy kitaplary, aýratyn-da, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli düýpli ylmy işi döreden milli Liderimiz sazagyň külünden himiýa senagaty üçin çig malyň alynýandygyny aýtdy. Sazagyň ody bilen çäge gyzdyrylyp taýýarlanan milli tagamlaryň ýokumlylyk hem-de tagamlylyk babatda örän ýokarydygyny durmuş tejribesi subut etdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, sähra ýerlerinde tokaý zolaklarynyň döredilmeginiň, aýratyn-da, sazak ekilýän meýdanlaryň giňeldilmeginiň zerurdygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň nazaryýetde alan bilimlerini tejribede berkitmeklerini üpjün etmek maksady bilen, olaryň bu ýerlerde bolup, çöl ösümliklerini ylmy esasda öwrenmekleriniň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Munuň özi tebigaty öwrenmek we ony gorap saklamak bilen baglanyşykly wezipeleriň oňyn çözülmeginde uly ähmiýete eýedir. Garagum sährasynyň ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ony geljek nesillere ýetirmek döwlet ähmiýetli wajyp meseledir diýip, milli Liderimiz belledi we bu işleriň toplumlaýyn esasda alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi.

Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak çölleşmä garşy göreşmegiň esasy ýoly bolup durýar. Munuň özi türkmen halkyna gadymy döwürlerden bäri mahsus ýörelgedir, oňa döwrebap dereje bermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Pasyllaryň soltany hasaplanylýan baharyň ilkinji günlerinde Garagum sährasynyň durmuşynda özboluşly howa gurşawy we ösümlikleriň ösüş döwri başlanýar. Şu günler çäge alaňlarynyň arasynda özüne çekiji ajaýyp görnüşleriň, gaýtalanmajak tebigy sazlaşygyň ynsan ruhuna we saglygyna ýakymly täsiriniň bardygyny bellemeli.

Şonuň bilen birlikde, çöllükde bar bolan tokaý zolaklary milli Liderimiziň ýurdumyzda ekologiýa ýagdaýynyň yzygiderli gowulandyrylmagyna gönükdirilen ýadawsyz tagallalarynyň aýdyň netijeleridir.

Köp asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ygtybarly penasyna öwrülen türkmen sähralarynyň aýratynlygy milletiň durmuşy bilen berk baglanyşyp, ynsan bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy aýan edýär.

Häzirki döwürde tebigy künjeklerde özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işlerini yzygiderli dowam etmek gerek. Bu bolsa Garagum sährasynyň biosfera goraghanalarynyň halkara ulgama, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegini şertlendirer diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.