Oýunlaryň başlamagyna 200 gün galmagy mynasybetli Aşgabat 2017-niň tumary bilen tanyşdyryş çäreleri

Oýunlaryň başlamagyna 200 gün galandygy mynasybetli, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet bu şanly senäni bellemek üçin Aşgabat 2017-niň tumary Wepaly bilen bütin dünýäni tanyşdyrýar.
Tumaryň adyndan belli bolşy ýaly, Wepaly türkmen dilinde ynamdar dost diýmegi aňladýar. Tumaryň durmuşa ornaşdyrylmagy sporty öňe sürmek we Oýunlaryň geçirilýän döwrüniň öň ýanynda şowhunly gurşawy döretmek maksady bilen, ony şekil taýdan janlandyrmak, marketing çärelerini geçirmek, dürli sowgatlyk harytlary öndürmek arkaly amala aşyrylýar.
Wepaly, türkmeniň milli gymmatlayklarynyň biri bolan alabaý ititdir. Alabaý itleri görki we batyrgaýlygy bilen tapawutlanyp, çölüň agyr şertlerinde asyrlarboýy türkmeniň mal sürülerini goramakda çopanlarynyň ygtybarly ýoldaşydyr. Çydamly we berk beden gurluşyna eýe bolan alabaý itleri öz gaýduwsyzlygy we wepalylygy bilen haýran galdyrýar. Şu günki günde türkmenler alabaý itlerine diňe bir batyrgaý goragçy hökmünde däl-de, onuň wepaly dost bolýandygy üçin sarpa goýýarlar.
Oýunlaryň resmi tumary hökmünde Wepaly Aşgabat şäherinde sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gelýän dürli ýaşly myhmanlary türkmen halkyna mahsus bolan aýratyn myhmansöýerlik bilen garşy almakda ýardam berer.
Wepaly baradaky hekaýatda onuň we Meret atly türkmen oglanjygynyň arasyndaky dostluk we Merediň öz söýgüli itiniň goldawy arkaly türgen bolmak arzuwyna ýetendiigi beýan edilýär. Meret yhlas bilen türgenleşýär, emma türgenleşikleriň netijesiniň tiz wagtda üstünlige alyp barmaýandygy üçin ruhdan düşen wagty, Wepaly oňa sportuň diňe ýeňiş gazanmak üçin däldigine aňlamaga kömek edýär. Wepaly eýesini sagdyn bolmak üçin sport bilen meşgullanmaga höweslendirýär we sportyň kömegi bilen dostlukly aragatnaşyklary ýola goýup bolýandygyny öwredýär. Öz dostunyň goldawy bilen Meret yhlasly türgenleşmegiň netijesinde, bäsleşmäge bolan uly hyjuw bilen ýeňiş gazanylýandygyny öwrenýär. Netijede, Meret Wepaly dostunyň parasatly ündewleriniň kömegi bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanýar.