BAHREÝNIŇ PATYŞASYNYŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARYNYŇ BOLMAGYNA GARAŞYLÝAR

2019-njy ýylyň 17-nji martynda Bahreýn Patyşalygynyň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifa Aşgabada döwlet sapary bilen gelýär.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýnyň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň arasynda duşuşyk guralar. Duşuşygyň barşynda iki döwletiň liderleri syýasy, bank we nebitgaz ulgamlarynda, himiýa senagatyny şeýle-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryny hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde türkmen-bahreýn gatnaşyklarynyň geljegi barada pikir alşarlar.

Saparyň netijeleri boýunça döwletara gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň ösüşine kuwwatly itergi bermäge gönükdirilen resminamalaryň ençemesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.