YSLAMABATDA TÜRKMEN-PAKISTAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Pakistan Yslam Respublikasyna sapary boldy.

Türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti jenap Arif Alwi tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenilip geçildi. Pakistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän bitarap daşary syýasat ugrunyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdi. Bu ugurda taraplar Türkmenistanyň we Pakistanyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki ysnyşykly özarahereketini belläp geçdiler.

Türkmen-pakistan ykdysady hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine aýratyn üns berildi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik energiýasynyň geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy ýaly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, täze ulag geçelegeleriniň döredilmegi iki ýurduň sebitleýin we halkara ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki netijeli işleriniň aýdyň subutnamasy bolup durýandyr.  

         Taraplar şeýle hem ylym we bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň zerurlygyny belläp geçdiler.

         Pakistanyň Premýer-ministri jenap Imran Han bilen duşuşygyň barşynda  türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada netijeli pikir alyşmalar geçirildi.

         Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde gaz we ulag-kommunikasiýa pudaklary agzaldy. Şunlukda Pakistan Hökümetiniň Başlygy TOPH gazgeçirijiniň, TOP elektroenergetika geçirijisiniň taslamasyna, Pakistanyň deňiz portlaryndan Türkmenbaşynyň halkara deňiz portlaryna çenli täze ulag-üstaşyr geçelgesiniň döredilmeginiň taslamasyna berk goldawy beýan etdi.

         Taraplar ylym-bilim we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlary bolup durýandygy bilen ylalaşdylar hem-de şunlukda olaryň geljekde giňeldilmeginiň zerurlygy bellenildi.

         Şol gün Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri jenap Mahdum Şah Mahmud Kureşi türkmen tarapyna abraýly halkara guramalaryna saýlawlarda Pakistanyň dalaşgärligini goldandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi. Şol bir wagtyň özünde Pakistanyň ministri Pakistanyň mundan beýläk hem Türkmenistan tarapyndan halkara giňişliginde öňe sürülýän başlangyçlarynyň ilerledilmegine işjeň gatnaşjakdygyna ynandyrdy. Taraplar köpugurly türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem berkidilmegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumy boýunça jikme-jik pikir alyşdylar.  

         Şol gün türkmen wekiliýetiniň Pakistanyň energetika ministri jenap Omar Aýub Han, nebit ministri jenap Gulam Sarwar Han we maliýe ministri jenap Asad Umar bilen duşuşyklary geçirildi. Wekiliýetiň agzalary Pakistanyň Döwlet bankynyň dolandyryjysy jenap Tarik Badžwa hem-de Pakistanyň Maýa goýumlar boýunça Geňeşiniň başlygy jenap Harun Şarif bilen duşuşyklary geçirdi.

         Saparyň jemleri boýunça aşakdaky resminamalara gol çekildi:

Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga düzedişleriň girizilmegi hakyndaky Teswirnama;

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasy;

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Pakistanyň Söwda-senagat Federasiýasynyň arasynda Bilelikdäki işewürlik toparynyň döredilmegi boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Daşary aragatnaşyklar Akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;

«Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gazgeçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny kabul edýän tarapyň hökümeti bilern Şertnamanyň esasy şertleri.