OKGUNLY HEREKET WE YLHAM — ABADANÇYLYK ÝOLY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk toplumyna bardy we bu ýerdäki iş otagynda edebi döredijilik bilen meşgullandy. 

Habar berlişi ýaly, ýakynda milli Liderimiz IIM-niň ýanyndaky Hojalyk müdirliginiň desgalarynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy, bu ýerde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna 2019-njy ýylyň ilkinji gününde doglan altyn öwüşginli taýçanak sowgat berildi. 

Ahalteke bedewleriniň naýbaşy tohumlarynyň neslinden gaýdýan täze taýçanagyň dünýä inmegi türkmen atşynaslary üçin hemişe şatlykly wakadyr, bu bolsa yzygiderli ýagdaýda bolup geçýär. Bu gezekki waka aýratyn alamata eýedir, ol «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän täze ýylyň ilkinji gününde boldy. 

Munuň özi giň gerimli we möhüm işleriň rowaçlyga beslenjekdiginiň ýene bir ýakymly nyşanydyr. Şundan ugur alyp hem döwlet Baştutanymyz bu taýçanagy Rowaç diýip atlandyrdy. 

Gadymdan bäri halkymyzda «At — myrat» diýen parasatly nakyl bar. Ol türkmenleriň öz bedewlerine bolan belent sarpasyny aýdyň beýan edýär, türkmenler bedewleri diňe bir wepaly kömekçi hasap etmän, dosty hem-de hemrasy hasaplaýar, olarda güýç-gaýraty, çalasynlygy hem-de wepadarlygy görýär, bedew bilen didarlaşyp, ylham alýar hem-de bu dünýäniň gözelligine we sazlaşygyna haýran galýar. 

Türkmenler köp asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirdiler. Kämilleşdirdiler, olaryň täsin aýratynlyklaryny saklap galdylar. Ahalteke bedewlerine mahsus bolan altynsow reňki, olaryň bezemen we nepis keşbi, ýelden ýüwrük ýyndamlygy, şeýle hem çäksiz gujur-gaýraty we çydamlylygy öz işlerini sungat derejesine çykaran tutanýerli seýisleriň, irginsiz atşynaslaryň köp ýyllyk işleriniň netijesidir. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladalary netijesinde behişdi bedewleriň öçmejek şan-şöhratynyň has-da belende göterilýändigini, olaryň gözelliginiň we nepisliginiň has-da kämil derejä çykarylýandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris, muňa ýurdumyzyň köp sanly daşary ýurtly myhmanlary hem öz gözleri bilen görüp haýran galýarlar. 

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary bilen milli atçylyk pudagy täze belent derejä çykaryldy, ýurdumyzda pudagyň düzümleriniň ösdürilmegine, arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanynyň artdyrylmagyna, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, atçylyk sportunyň we at çapmagyň gadymy ýörelgeleriniň wagyz edilmegine döwlet derejesinde üns berilýär. 

Türkmen halky şahyrlar, suratkeşler tarapyndan wasp edilen ahalteke bedewlerine bagyşlanan nakyllaryň we parasatly jümleleriň, pähimleriň hem-de matallaryň köp sanlysyny döretdi hem-de biziň günlerimize çenli olary saklap galdy. Nesilleriň hakydasynda halk döredijiliginiň dürdäne eserleri: aýdymlar, dessanlar, rowaýatlar we ertekiler, hekaýalar saklanyp, biziň günlerimize çenli ýetdi, olarda aýdyň we köp öwüşginli görnüşde bedewiň keşbi, olara türkmenleriň goýýan sarpasy beýan edilýär, köplenç halatda bedewlere mahsus bolan häsiýetler ynsan mertebesine hem deňelýär. 

Bedewiň keşbi şeýle hem häzirki zaman edebi eserleriniň, kinofilmleriniň esasyny düzýär. Ahalteke bedewleri barada köpsanly ylmy işler ýazyldy, olarda alymlar tarapyndan bu tohumyň dünýä atşynaslygy üçin ähmiýeti açylyp görkezilýär. 

Olaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň kitaplary aýratyn orun eýeleýär, bu eserleriň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi netijesinde dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan ahalteke bedewlerine sarpa goýýanlaryň köp sanlysy milletimiziň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy hem-de umumadamzat siwilizasiýasynda aýratyn orny eýeleýän bu bedewler barada giňişleýin maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. 

Deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli köp asyrlyk ýol geçip, özüniň kämilligi bilen ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ýaşaýan adamlary haýran galdyrmagyny dowam etdirýär. Olar öz taryhy Watanynda — Türkmenistanda aýratyn söýgi we alada bilen gurşalandyr, ýurdumyzda häzirki wagtda ahalteke bedewi Watanymyzyň okgunly ösüşiniň, milli ruhuň galkynyşynyň aýratyn nyşany hökmünde çykyş edýär. 

...Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň täze şahyrana setirlerini täze ýylyň uly başlangyçlarynyň üstünliklere beslenjekdigini alamatlandyrýan Rowaç atly taýçanaga bagyşlady. Milli Liderimiz öz goşgusynda bellenilen belent maksatlara ýetiljekdigine, eziz halkymyzyň, Watanymyzyň bagtyýar geljegi baradaky nurana arzuw-umytlaryň hasyl boljakdygyna berk ynamyny beýan edip, ajaýyp, gujurly hem-de ýüwrük bedewiň keşbini şahyrana setirler bilen sazlaşdyrdy, kiçijik Rowaç taýçanagy hem tiz wagtdan ajaýyp bedewe öwrüler, häzirlikçe bolsa ol aýratyn üns we alada bilen gurşalandyr. 

Biziň öňde goýan maksatlarymyz hakyky gazanylan sepgitlere öwrülýär, eger-de bellenilen maksada ygtybarly ýol bilen gidilse, öňde anyk wezipeler goýlanda ähli aýdyň arzuwlar hakykata öwrülýär. 

Belent maksatlara okgunly hereketi, ýeňişlerimiziň hem-de gazanýan belent sepgitlerimiziň nyşany bolan bedewi wasp edýän, halkymyzyň ylhamyny we döwletimiziň belent ösüşlerini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetiň we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýetilen üstünlikleri wasp edýän bu şahyrana setirler özboluşly şahyrana jarnama we şol bir wagtyň özünde hem bedewe bolan belent sarpanyň ykrarnamasyna öwrüldi. 

Şeýle hem Watanymyza çäksiz söýginiň çeper beýany boldy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli özgertmeler strategiýasy ýurdumyzyň kuwwatlanmagyna gönükdirilendir. Bu setirler milli Liderimiziň ýurdumyzyň geljekki rowaçlygynyň alamaty hökmünde görýän ýaş nesle hem çagyryşydyr. 

Milli Liderimiziň şahsy göreldesi täze döwrüň şertlerinde örän möhümdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ylmy esasda pikirlenmek hem-de uzak gelejegi görmek başarnygy aýratyn tapawutlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň strategik taglymatlary düýpli özgerişlikler häsiýetine eýedir, tükeniksiz gujur-gaýratly özgerdiji hökmünde çözgütleri kabul etmek bilen, milli Liderimiz talabedijilik bilen çeýeligi utgaşdyrýar, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda döredijilik başlangyçlaryny hem-de innowasiýa häsiýetli teklipleri hemişe goldaýar. 

Öz eziz halkynyň medeniýetini we taryhyny umyt-arzuwlaryny düýpli bilmek we olara düşünmek başarnygy milli Liderimize içeri we daşary syýasaty oýlanyşykly alyp barmakda ygtybarly ýollary saýlap almaga mümkinçilik berýär. Halk bilen maslahatlaşmak we ony diňlemek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üýtgewsiz garaýyşlarynyň biridir. 

Döwlet Baştutanymyz her bir möhüm, giň gerimli we zerur bolan işiň başyny başlamak bilen, çäksiz zähmetsöýerligiň we maksada okgunlylygyň şahsy göreldesini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz jemgyýete köpçüligine täze döwrüň aýdyň, oýlanyşykly taglymatyny hödürlemek bilen, halkymyzy jebisleşdirdi hem-de asylly maksatlaryň bähbidine belent sepgitlere ýetmäge iterdi, döwletliligiň hakyky sütünine — milletiň Arkadagyna öwrüldi. 

Biziň ählimiz döwlet Baştutanymyzyň örän seýrek peýda bolýan boş wagtyny Watanymyz we eziz halkymyz baradaky oýlanmalara bagyşlaýandygyny bilýäris. Milli Liderimiz ussat çapyksuwar hökmünde, behişdi bedewlere belent sarpa goýmak bilen, boş wagtyny, köplenç, bedewler bilen didarlaşmaga bagyşlaýar. Döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewlerine uly sarpa goýmak bilen, atlaryň bu tohumyny wagyz edijidir hem-de milli atşynaslygyň ösdürilmegine hemişe goldaw berýär. Türkmenistanda atçylyk sporty döwletiň hemişe üns merkezinde hem-de ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, atly sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýän milli Liderimiziň hemişe goldawyna eýedir. 

Ahalteke bedewi täze eýýamyň — işjeň döredijilik ylhamynyň, ruhy galkynyş döwrüniň aýdyň alamaty bolmak bilen, 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygarynyň baş maksadyny beýan edýär. 

Munuň özi ýetilen sepgit bilen hiç haçan çäklenmeli däldigini, ösmelidigini we diňe öňe gitmelidigini, Watanymyzyň ösüşiň we abadançylygyň belentliklerine tarap okgunly hereketiniň ýolunda täze mümkinçilikleri we giňişlikleri açmalydygyny aňladýar. Dünýä siwilizasiýasyna deňi-taýy bolmadyk behişdi bedewleri peşgeş beren türkmen halky bu ýolda belent sepgitleri nazarlaýar. 

***

Rowaç 

Rowaçlygy buşlap gelen 
Ýyllaryň salamy Rowaç! 
Göwünleri hoşlap gelen 
Ýollaryň kemaly Rowaç! 

Pederleň tagzym-togaby, 
Geçmişiň ertä dowamy, 
Kişňeýşiň — arşyň owazy, 
Kalbymyň senasy, Rowaç! 

Säher öwsen ýeller deýin, 
Ýaz açylan güller deýin, 
Joş uran köňüller deýin, 
Sen ylham derýasy, Rowaç! 

Ýyldyz syçradyp toýnagyň, 
Beze sen türkmen toýlaryn. 
Menzile ýetir arzuwym, 
Bagtymyň seýrany Rowaç! 

Nury-şuglasyň Güneşden, 
Zyýatsyň altyn-kümüşden. 
Serpaýyň ýetsin ýeňişden, 
Döwrümiň döwrany Rowaç!