img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GYRGYZ RESPUBLIKASY - BIŞKEK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Aşgabatda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň üçünji ýokary derejeli maslahaty geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 17–18-nji noýabrynda Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Parlament Assambleýasynyň parlamentleriň ÝHHG-niň çäklerinde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekdäki ornuna bagyşlanan üçünji ýokary derejeli maslahaty geçirildi. Forum Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy tarapyndan bilelikde guraldy.

Maslahata ÝHHG-ä agza döwletleriň parlamentleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti Mikita Poturaýew, Assambleýanyň Baş sekretary Roberto Montella, halkara guramalaryň we bilermenler jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mazmunyny parlament diplomatiýasy, halkara hukugynyň binýadyny pugtalandyrmak, ekologiýa howpsuzlygyny we howanyň durnuklylygyny üpjün etmek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak, şeýle hem täze tehnologiýalary düzgünleşdirmegiň halkara hukuk mehanizmlerini kämilleşdirmek bilen bagly meseleler düzdi. Döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmekde, parahatçylykly dialogy ösdürmekde we durnukly ösüşiň hukuk esaslaryny kemala getirmekde parlamentleriň ornuna aýratyn üns berildi.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Bitaraplyk daşary syýasat ugrunyň ähmiýeti, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça yzygiderli tagallalary bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn ähmiýet berildi. Bu başlangyç halkara hukugynyň parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň binýady hökmünde pugtalandyrylmagyna, BMG-niň Tertipnamasyna hormat goýulmagyna hem-de jedelleri parahatçylykly ýollar arkaly çözmegiň ilerledilmegine gönükdirilendir.

Maslahatyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, milli kanunçylygy kämilleşdirmekde tejribe alyşmagyň we halkara hem-de sebit derejesindäki derwaýys meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Aşgabat maslahatynyň açyk dialogy alyp barmak, umumy çemeleşmeleri işläp düzmek, ynanyşmak, özara hormat goýmak we halkara hukugynyň ýörelgelerini ilerletmek üçin netijeli meýdança bolandygy bellenildi.

Maslahata gatnaşyjylar foruma ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin döredilen şertler we bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň tarapyna minnetdarlyk bildirdiler. Şeýle hem maslahatyň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlarynyň halkara derejesinde ähmiýetiniň we konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygynyň nobatdaky beýany bolandygy bellenildi.