img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GYRGYZ RESPUBLIKASY - BIŞKEK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Aşgabatda DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi öz işine başlady

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Hazarüsti ulag geçelgesiniň çäklerinde hünär başarnyklaryny ösdürmek meselesine bagyşlanan DARYA sebit maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlandy.

Mejlisiň birinji gününde ulag-logistika pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, hünär bilimi ulgamyny ösdürmek we Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa çykyş edip, halkara we sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmekde ulag arabaglanyşygynyň ösdürilmeginiň ähmiýetini belledi. M.Bäşimowa ulag geçelgeleriniň netijeli işlemegi üçin diňe bir döwrebap infrastruktura däl, eýsem, zerur hünär başarnyklaryna eýe bolan ýokary derejeli hünärmenleriň hem bolmalydygyny nygtady.

Adam maýasyny ösdürmegiň, hünär bilimi ulgamyny kämilleşdirmegiň we zähmet bazarynyň häzirki zaman talaplaryny nazara almak bilen hünärmenleri taýýarlamagyň Hazarüsti ulag geçelgesiniň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň möhüm şertleridigi bellenildi.

Mejlisiň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda tejribe alyşmaga, döwlet edaralarynyň, bilim edaralarynyň we hususy pudagyň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, şeýle hem hünär başarnyklaryny ösdürmek babatda sebit hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge aýratyn üns berildi.

Mejlisiň işi dowam edýär.