img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GYRGYZ RESPUBLIKASY - BIŞKEK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda GDA-nyň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem döwlet we ýokary derejedäki öňde boljak çäreleriň taýýarlygy bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Taraplar GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2026-njy ýylyň 7 we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek mejlislerine taýýarlyk meselelerine aýratyn garadylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki öňde boljak çäreleriň guramaçylyk meseleleri we olaryň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meselelere hem garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda GDA-nyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen konstruktiw gatnaşyklary we bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taraplaryň umumy gyzyklanmalary tassyklanyldy.